“Wakyfbankyň” 3-nji çempionlygy

Woleýbol boýunça zenanlaryň arasyndaky Ýewropanyň CEV Çempionlar ligasynda Türkiýäniň “Wakyfbank” topary çempion boldy.Stambullylar finalda Italiýanyň “Imoko Wolleý Koneliano” toparyndan üstün çykdy.Bäsleşigiň final tapgyry (Final Four) Italiýanyň Trewiso şäherinde geçirildi. Ýarym finalda ýer eýesi hökmünde çykyş eden “Imoko Wolleý Koneliano” Moskwanyň “Dinamosyny” 31 hasabynda utdy.

Beýleki ýarym finalda-da 2 türk kluby “Wakyfbank” bilen “Ejzajybaşy Witra” duşuşdy. “Wakyfbank” garşydaşyny 30 hasabynda ýeňip, bassyr 2-nji gezek finala çykdy.Finalda-da juda üstünlikli çykyş eden türk topary ýer eýelerini 30 (25:19, 25:13, 25:23) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, “Wakyfbank” topary 2011-nji we 2013-nji ýyllardan soň, 3-nji ýola Ýewropanyň iň uly kubogyny asmana göterdi.

Türk toparlary soňky 8 ýylda 5-nji gezek çempion bolup, olar şol döwürde 3 saparam finalda utuldylar.3-njilik ugrundaky oýunda “Ejzajybaşy Witra” “Dinamo Moskwany” 31 hasabynda ýeňip, taryhynda 2-nji gezek bürünç medaly eýeledi. Ýaryşyň iň gymmatly oýunçysy diýlip, çempion klubuň hytaýly woleýbolçysy Çžu Tin saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Italýan toparlarynyň üstünligi
SPORT TÄZELIKLERI
Türk toparynyň 5-nji çempionlygy
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
“Wakyfbankyň” yzly-yzyna 2-nji üstünligi
Ejzajybaşy Dynawit Çempion Boldy