WakyfBank Zenanlar woleýbol topary Ýewropanyň çempiony boldy

Ýewropanyň zenanlar woleýboly boýunça klublar derejesindäki iň abraýly guramaçylygy bolan CEV Çempionlar ligasynda 62-nji möwsümiň çempiony, Italiýanyň Turin şäherinde geçirilen Super final bäsleşiginde kesgitlendi.

Guramaçylygyň taryhynda iki türk toparynyň ilkinji gezek final tutluşygynda bäsleşen duşuşykda Wakyfbank, Ejzajybaşy Dynawit 27-25, 25-17, 23-25, 25-17 hasaplary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi.

9 gezek final duşuşygynda bäsleşen Wakyfbank, şu ýyl 6-njy gezek çempion boldy.

Italiýanyň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen Super Finaldan soň dabara geçirildi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan woleýbolda Zenanlar CEV Çempionlar ligasynyň final duşuşygynda çempion bolan Wakyfbank toparyny gutlady.

Prezident Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "CEV Çempionlar ligasynyň çempionlyk derejesine yzly-yzyna 2 gezek eýe bolan Wakyfbank bilen çempionaty 2-nji bolup tamamlan Ejzajybaşy Dynawit toparyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Toparlaryň ikisinede ýurdumyza getiren buýsanjy üçin minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
“Wakyfbankyň” 3-nji çempionlygy
“Wakyfbankyň” yzly-yzyna 2-nji üstünligi
Italýan toparlarynyň üstünligi
Ejzajybaşy Dynawit Çempion Boldy
Ejzajybaşy Dynawit Finalda…