Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “ABŞ-na “güýç ýatlatmasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň amerikaly kärdeşi Entoni Bilinken bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Gaza guralýan hüjümleriň bes edilmegi üçin ABŞ-nyň Ysraýyla täsir ýetirme güýjünden peýdalanmalydygyny ýatladandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Koja: Sanjymlaryň ählisi Türkiýede öndüriler” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň “Çagalaryň immunitetini güçlkendirme maksatnamasyna degişli bolan guduz, gepatit A we mama ýaly üç sanjymy tehnologiýa tranferi arkaly Türkiýede öndüreris. 2028-nji ýylda ähli sanjymlar dolulygyna Türkiýede öndüriler” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe 19 oba hojalyk önüminiň önümçiliginde dünýäde birinji dörtlükde durýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Oba hojalyk birleşmeleriniň Bileleşiginiň Başlygy Şemsi Baýraktaryň Türkiýäniň dünýäde 19 oba hojalyk önüminiň önümçiliginde birinji dörtlükde durýandygyny beýan edip; “Ýurdumyz dünýäde bakja we miwe önümleriniň başda durmagynda hem köp sanly oba hojalyk önümlerinde alynky orunlarda durýar hem-de önümleriň köpgörnüşliligi bilen öňe saýlanýar diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Herri Potter Stambuly saýlap aldy” söz başyly habarynda, Herri Potteriň janköýerlerini özüne çekýän “Wizarding World” dükanlarynyň dünýädäki 4-nji şahamçasynyň Stambulda açylandygyny ýazýar. Çäkli sandaky dükan Londondan, Nýu-Ýorkdan we Tokiodan soň Stambulda açyldy.

“Star” gazeti “Dünýäniň iň güýçlüsi Ejzajybaşy Daýnawit” söz başyly habarynda, Hytaýda geçirilen FIWB Zenanlaryň bütindünýä klublar çempionadynyň türk finali bilen tamamlanandygyny mälim edýär. Finalda Ejzajybaşy, Wakyfbanky 3-2 utup, çempion boldy.

Ýene degişli makalalar

Ejzajybaşy Dynawit Çempion Boldy
WakyfBank Zenanlar woleýbol topary Ýewropanyň çempiony boldy
“Wakyfbankyň” 3-nji çempionlygy
“Wakyfbankyň” yzly-yzyna 2-nji üstünligi
Ejzajybaşy Dynawit Finalda…
Italýan toparlarynyň üstünligi