“Wakyfbankyň” yzly-yzyna 2-nji üstünligi

boýunça zenanlaryn arasynda geçirilen Dünýä klublar çempionatynda Türkiýänyň “Wakyfbank” topary ýeňiş gazandy.Türk topary finalda Braziliýanyň “Minas” toparyny 3:0 (23:25, 21:25,19:25) hasaby bilen utup, bu kubogy 3-nji gezek eýeledi. “Wakyfbank” ozalam 2013-nji we 2017-nji ýyllarda gazanypdy.

Hytaýyň Şaonskiý şäherinde geçirilen bu çempionata 3 konfederasiýadan 8 topar gatnaşdy. “A” toparçada Türkiýeden “Wakyfbank”, Braziliýadan “Minas tennis”, Hytaýdan “ Çžežian” hem-de Fransiýadan “Wolero Le Kan” çykyş etdi. “B” toparçada-da Türkiýäniň “Ejzajybaşy Witra”, Braziliýanyň “Praýa”, Wýetnamyň “Supreme Çonburi” hem-de Gazagystanyň “Altaý” klublary özara güýç synanyşdylar. Özara duşuşyklardan soň ýarym finala “A” toparçadan “Wakyfbank” bilen “Minas”, “B” toparçadanam “Ejzajybaşy Witra” bilen “Praýa” çykdy. Ýarym finalda “Wakyfbank” “Praýany”, “Minas” bolsa “Ejzajybaşy Witrany” ýeňipdi. Ýaryşyň bürünç medalyna “Ejzajybaşy Witra” kluby mynasyp bolup, olar “Praýa” klubundan 30 üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Ejzajybaşy Dynawit Çempion Boldy
WakyfBank Zenanlar woleýbol topary Ýewropanyň çempiony boldy
“Wakyfbankyň” 3-nji çempionlygy
Ejzajybaşy Dynawit Finalda…
Italýan toparlarynyň üstünligi