Günorta Koreýa raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyndaky ýardam üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Günorta Koreýa raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyndaky ýardam üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon ýurduň raýatlaryny Eýrandan çykarmakda ýardam berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdi. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Prezident administrasiýasy Çhonwade salgylanyp, “The Korea Times” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Hatda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde Eýrandaky Günorta Koreýanyň 25 raýaty, şeýle hem koreýalylaryň maşgala agzalary bolan Eýranyň dört raýaty geçen hepde serhedi howpsuz geçip, Türkmenistanyň çägine bardylar.

Li Çže Mýon raýatlarynyň Eýrandan çykarylýan döwründe Türkmenistanyň beren goldawynyň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we ynamyň ýokary derejesini tassyklaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleri, Hytaý, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Şwesiýa, Niderlandlar, Germaniýa, Türkiýe, Saud Arabystan ýaly 16 ýurtdan 200-den gowrak adam goňşy Eýrandan Türkmenistana girdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"
Nowaýynyň Owganystandaky heýkeliniň ýykylmagy Türkmenistanda we Özbegistanda nägilelik döretdi
Iň köp tiražly iňlis dilli gazet
Nýu-Ýork şäheriniň täze meri saýlandy
Hytaýda ömri uzaldýan gerde döredildi 
Müňlerçe ysraýylly raýatlyk almak üçin Portugaliýanyň Ilçihanasynyň önünde nobatda