FUTBOL TÄZELIKLERI

Italiýanyň “Tuttosport” gazeti tarapyndan 21 ýaşdan kiçi bolan ýylyň ökde futbolçylaryna berilýän “Golden Boy” baýragyna dalaşgärleriň jemleýji sanawy mälim edildi. Şoňa görä, angliýaly Jeýdon Sanço (“Borussiýa D”), portugaliýaly Žoao Feliks (“Atletiko”) hem-de germaniýaly Kaý Hawerts (“Baýer”) 27-nji noýabrda ýeňijisi mälim ediljek baýraga dalaşgär görkezildi.

Futbol boýunça 17 ýaşa çenlileriň arasynda (U-17) Braziliýada geçirilen Dünýä Kubogynda ýer eýeleri çempion boldy. Braziliýanyň ýygyndysy finalda Meksikadan 21 üstün çykyp (Kaio 84 p, Lazaro 90+3 — Gonzales 66), 4-nji gezek bu kubogy eýeledi (1997, 1999, 2003, 2019). Çempionatda 3-nji orna Gollandiýany 31 ýeňen Fransiýa mynasyp boldy.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynda wagtlaýynça bellenilen Robert Morenonyň ornuna gaýtadan Luiz Enrike tälimçi boldy. Enrike maşgala ýagdaýy sebäpli iýun aýynda Ispaniýanyň ýygyndysynyň tälimçiligini taşlamaly bolupdy. Awgust aýynda agyr kesel zerarly 9 ýaşly gyzy aradan çykan Enrike milli topary bilen 2022-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.

Argentinaly rowaýaty futbolçy Diego Maradonanyň ýurdunyň “Himnasia La Plata” toparyndaky tälimçiligi 2 aýda tamamlandy. 59 ýaşyndaky Maradona bu topardaky tälimçilik wezipesini taşlady. Topar onuň tälimçiliginde 8 oýunda 3 ýeňiş gazanyp, 5 gezek hem ýeňlişe sezewar boldy.

Kanadanyň “Monreal Impakt” topary fransiýaly Tierri Anrini tälimçilige belledi. MLS çempionatynyň wekili bolan “Monreal Impakt” topary 42 ýaşly tälimçi bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Şu wagt dünýäniň iň gymmat futbolçysy kim?
"Forbes" žurnaly 21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçyny mälim etdi
Gol geçiren iň ýaşuly futbolçy boldy
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Katara iň köp argentin, portugal hem-de ispan tälimçileri gatnaşýar
Ispaniýanyň ýygyndysynda mejbury ýagdaýda oýunçy çalşyryldy