Şu wagt dünýäniň iň gymmat futbolçysy kim?

Şu wagt dünýäniň iň gymmat futbolçysy kim?

Halkara sport gözleg merkezi Ýewropanyň 5 sany öňdebaryjy ligasynda - Germaniýanyň (Bundesliga), Fransiýanyň (Ligue 1), Angliýanyň (Premýer liga), Ispaniýanyň (La Liga) we Italiýanyň (Seriýa A) ligalarynda çykyş edýän iň gymmat futbolçylaryň reýtingini tanyşdyrdy. Bu barada sports.ru habar berýär.

Iň gymmat futbolçylaryň ýüzlüginiň başyny Mançester Ýunaýtediň 23 ýaşly ýyldyzy Markus Reşford çekdi. Onuň transfer bahasy 165,6 million ýewro barabar. Ilkinji üçlüge Dortmundyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Erling Holland (152 mln) hem-de "Liwerpulyň" goragçysy Trent Aleksander-Arnold (151,6 mln) girdi.

Şeýle hem Barselonanyň argentinaly ýyldyzy Lionel Messi 54 million ýewro bilen 97-nji orunda ýerleşdi. Ýuwentusyň portugaliýaly ýyldyzy Kriştianu Ronaldu bolsa ilkinji 100-lige hem girmän, 47 million ýewro bilen sanawda 131-nji boldy.

Iň gymmat oýunçylaryň ilkinji 10-lugy şeýleräk:

1. Markus Raşford — Mançester Ýunaýted — 165,6 mln ýewro.

2. Erling Holland — Borussiýa Dortmund — 152 mln ýewro.

3. Trent Aleksander-Arnold — Liwerpul — 151,6 mln ýewro.

4. Brunu Fernandeş — Mançester Ýunaýted — 151,1 mln ýewro.

5. Kilian Mbappe — PSŽ — 149,4 mln ýewro.

6. Jeýdon Sanço — Dortmundyň Borussiýasy — 148,3 mln ýewro.

7. Žoau Feliks — Atletiko — 141,5 mln ýewro.

8. Alfonso Dewis — Bawariýa — 139,2 mln ýewro.

9. Rahim Sterling — Mançester Siti — 136,9 mln ýewro.

10. Kaý Hawertz — Çelsi — 136 mln ýewro.

Şeýle hem:

12. Mohamed Salah — Liwerpul — 134 mln ýewro.

44. Ederson Moraes — Mançester Siti — 79,6 mln ýewro.

55. Robert Lewandowski — Bawariýa — 72,1 mln ýewro.

97. Lionel Messi — Barselona — 54 mln ýewro.

131. Kriştianu Ronaldu — Ýuwentus — 47 mln ýewro.

Ýene degişli makalalar

Angliýanyň EURO 2020-de çykyş etjek düzümi belli boldy
Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
“Çelsi” 13-nji klub, Tuhel 7-nji tälimçi
FUTBOL TÄZELIKLERI
"Forbes" žurnaly 21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçyny mälim etdi
21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçylaryň ýygyndysy tanyşdyryldy