“Çelsi” 13-nji klub, Tuhel 7-nji tälimçi

Futbol bäsleşikleriniň iň naýbaşy hasaplanýan UEFA Çempionlar ligasynyň 2020/20 möwsümi “Çelsiniň” çempionlygy bilen tamamlandy.Portugaliýanyň Porto şäherindäki “Dragao” stadionynda oýnalan finalda iki iňlis kluby “Mançester Siti” bilen “Çelsi” toparlary duşuşdy. Ispaniýaly Antonio Mateo Lahozyň jürlewük çalan oýnuna 14110 janköýer tomaşa etdi.

Çekeleşikli geçen oýnuň birinji ýarymy has gyzykly bolup, toparlar garşylyklaýyn yzly-yzyna birnäçe hüjüm geçirdiler, howply pursatlar döretdiler.Oýnuň 42-nji minutynda Meýson Mauntyň uzakdan owadan pasyndan soň Kai Hawerts topy derwezä girizdi.

Ederson bilen ýekeme-ýekä galan germaniýaly hüjümçi Hawertsi braziliýaly derwezeçini geçip, topy boş derwezä girizdi.Bu onuň Çempionlar ligasynda şu möwsümdäki ilkinji goly boldy.

Ikinji ýarymda “Mançester Siti” hüjümde artykmaçlyk görkezdi. “Çelsi” bolsa goragda bolup, garşylyklaýyn hüjümler bilen jogap berdi.

Toparlaryň ikisine-de hasaby üýtgetmek başartmady.Netijede, dartgynly we çekeleşikli geçen oýun 1-0 hasabynda “Çelsiniň” peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, “Çelsi” 3-nji finalynda, 2012-nji ýyldan soň, 2-nji gezek UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyna mynasyp boldy. “Çelsi” bu kubogy 2 gezek alan 13-nji klub hökmünde taryha girdi.

Bu iňlis klublarynyň UEFA-nyň birinji derejeli bäsleşigindäki 14-nji çempionlygydyr. 10 iňlis kluby-da finalda ýeňlişe sezewar boldy.Duşuşygyň gahrymany diýlip “Çelsiniň” ýarymgoragçysy N’Golo Kante saýlandy.

Täze finalçylara çempionlyk ýene-de başartmady

41-nji finalçy hökmünde ýaryşa adyny ýazdyran “Mançester Siti” toparyna ilkinji finalynda çempion bolmaklyk başartmady.

Soňky 3 ýylda ýaryşyň finalynda ilkinji gezek oýn an klublaryň hiç biri-de kubogy eýeläp bilmedi.Başgaça aýdylanda, Çempionlar ligasynda iň soňky täze çempion “Çelsi” bolupdy we londonlylar häzirlikçe bu derejelerini goramagyny dowam etdirýärler.

Iň soňky gezek 1997-nji ýylda “Borussiýa Dortmund” topary ilkinji final oýnunda kubogy eýeläpdi.

Nemes tälimçileriniň 10-njy çempionlygy

Yzly-yzyna iki dürli klub bilen finala çykan tälimçi Tomas Tuhel karýerasyndaky ilkinji Çempionlar ligasy kubogyny asmana göterdi. Ýaryşda soňky 3 möwsümden bäri nemes tälimçileri kubogy eýeläp gelýär.

Umumylykda-da bu ýeňiş germaniýaly tälimçileriň şu bäsleşikdäki 10-njy kubogy bolup, ispanlar bilen deňleşdiler.Tuhel Çempionlar ligasynyň kubogyny eýelän germaniýaly 7-nji tälimçi boldy.

Duşuşykdan soň kubogy gazanmak üçin ähli tagallalary edendiklerini, ýöne muňa garamazdan başaryp bilmändiklerini beýan eden “Mançester Sitiniň” tälimçisi Çempionlar ligasynyň finalynda ilkinji gezek ýeňildi. Ol 2009-njy we 2011-nji ýyllarda “Barselona” bilen kubogy eýeläpdi.

Ýene degişli makalalar

Şu wagt dünýäniň iň gymmat futbolçysy kim?
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi müňýyllyklaryň mirasy atly ylmy maslahat we sergi geçirildi
Beýik Ýüpek ýolundaky meşhur şäher
Çelsi we Benfika ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy
Altyndepe ösen senetçiligiň we ybadathanalaryň merkezidir
Ispan kenarlaryndan tapylan gämi