Iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogy

FIFA 1994-nji ýylda XV Dünýä çempionatynyň ABŞ-da geçiriljekdigi baradaky jarnamany 1988-nji ýylda mälim edýär. Şonda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Marokko we Braziliýadan köp ses alyp, ilkinji gezek bu ýaryşy guramaga hukuk gazanýar. Çempionatdan öň köpler ABŞ-da geçiriljek ýaryşa az janköýeriň geljekdigi baradaky beýanatlar bilen çykyş eýär.

Munuň esasy sebäbi sportuň şu görnüşiniň bu döwletde o diýen ýörgünli däldigi. Ýöne çempionatdan soň, munuň gaty bir beýle däldigine göz ýetirilýär we bu ýaryş iň köp tomaşaçyly çempionat hökmünde taryha girýär.

Saýlama oýunlaryna 147 ýygyndy gatnaşyp, olaryň 22-si final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanýar.Argentinanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyna gatnaşan iň soňky ýygyndy bolýar.Gresiýanyň, Nigeriýanyň hem-de Saud Arabystanynyň ýygyndylary ilkinji gezek gatnaşsa, Russiýa täze ady bilen birinji sapar çykyş edýär. Şol sanda Norwegiýa 1938-nji ýyldan soň, Boliwiýa-da 1950-nji ýyldan soň, Şweýsariýa hem 1966-njy ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşýar.

Fransiýanyň ýygyndysy saýlama tapgyrynda soňky 2 duşuşykda 1 utuk hem gazansa bolýardy. Ýöne olara öz meýdançasynda Ysraýyly hem-de Bolgariýany ýeňmek başartmaýar. Şonuň ýaly 1950-nji ýyldan bäri (Beýik Britaniýanyň wekilleriniň gatnaşyp başlan ýyly) ilkinji gezek Beýik Britaniýanyň ýeke wekili hem gatnaşyp bilmeýär. 24 ýygyndy 6 toparçada çykyş edip, çempionatyň açylyş duşuşygy Çikagoda Germaniýa bilen Boliwiýanyň arasynda geçirilýär. Şu çempionat bilen ýeňiş gazanan toparlara 3 utuk berlip başlanýar.

“A” toparçada ýer eýesi ABŞ Şweýsariýa bilen 11 hasabynda deňme-deň oýnaýar.Rumyniýa güýçli ýygyndy bilen gatnaşan Kolumbiýany Radiçou (2) we Hajiniň gollary esasynda 3-1 utýar. Şweýsariýa-da Rumyniýany 4-1 ýeňýär.

ABŞ Kolumbiýany Eskobaryň (35 ö.d.) hem-de Stýuwartyň gollary bilen 21 hasabynda ýeňýär. Ýer eýeleri amerikanlar 3-nji duşuşygynda Rumyniýadan 10 hasabynda asgyn gelse-de, ýaryşy dowam etdirýär.

Rumyniýa 6, Şweýsariýa bilen ABŞ 4, Kolumbiýa 3 utuk gazanyp, öňdäki 3 ýygyndy 2-nji tapgyra çykýar.

“B” toparçada Braziliýa, Şwesiýa, Kamerun we Russiýa duşuşyp, olaryň ilkinji ikisi ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar.Braziliýa Russiýany Romario we Raýyň gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňýär.

Kameruny-da 3-0 (Romario, Santos, Bebeto) hasabynda utan braziller Şwesiýa bilen 1-1 deňme-deň oýnaýar (Romario 46 K.Andersson 23).Toparçanyň iň ýatda galan oýny Russiýa bilen Kamerunyň arasynda bolup, ruslar 6-1 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Oýunda 5 gezek (15, 41, 44 p, 72, 75) tapawutlanan Oleg Salenko Dünýä Kubogynyň taryhynda 1 duşuşykda 5 gol geçiren ilkinji futbolçy bolýär (häzirlikçe ýeke-täk).Kamerunyň ýeke-täk goluny geçiren Rojer Milla Dünýä Kubogynyň taryhynda tapawutlanan iň ýaşuly futbolçy hökmünde hasaba alynýar.

“C” toparçada açylyş duşuşygynda Boliwiýany Klinsmannyň ýeke-täk goly esasynda utan Germaniýa (şu çempionatdan soň Germaniýa diýen at bilen gatnaşyp başlaýar) Ispaniýa bilen 11 deňme-deň oýnaýar (Klinsmann 48 Goikoeçea 14).

Olar 3-nji duşuşygynda Günorta Koreýany 32 hasabynda kynlyk bilen ýeňýär.Oýunda Klinsmann 2 goly öz adyna ýazdyrýar.Ilkinji 2 duşuşygynda 2 utuk toplan ispanlar 3-nji duşuşygynda Guardiola we Kamineronyň (2) gollary bilen Boliwiýany 31 hasabynda ýeňýär.

“D” toparçada ýaryşyň iki täze wekili Nigeriýadyr Gresiýa, şol sanda Argentina bilen Bolgariýanyň ýygyndylary özara güýç synanyşýar.Argentina Gresiýany 40 (Batistuta 2, 44, 90 p, Maradona 60), Nigeriýa-da Bolgariýany 3-0 (Ýekini 21, Amokaçi 43, Amuneke 55) hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär.

Argentinlerden soň, bolgarlar hem grekleriň torundan jogapsyz 4 gol geçirýär (Stoiçkow 5 p, 55 p, Letçikow 65, Borimirow 90). Çekeleşikli geçen oýunda Argentina Nigeriýany 21 (Kanijja 21, 28Siasia 8) hasaby bilen ýeňýär.

Toparçadaky 3 oýunlarda birmeňzeş netijeler hasaba alynýar.Argentina Bolgariýadan (Stoiçkow 61, Sirakow 90), Gresiýa hem Nigeriýa 2-0 asgyn gelýär (Finidi Jorj 45, Amokaçi 90).Netijede 6 utuk toplan Nigeriýa, Bolgariýa hem-de Argentina 1/8 finala çykýar.

“E” toparçada duşuşyklar diýseň täsin ýagdaýda geçýär. 1-nji oýunlarda Italiýa Irlandiýa 1-0 utulýar (Houton 11).Norwegiýa hem Meksikany şol hasap bilen ýeňýär (Redkdal 84). 2-nji duşuşyklarda ItaliýaNorwegiýa Dino Bajjonyň (69) goly bilen 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

Meksika bolsa Irlandiýanyň 2-1 hasabynda utýar (Garsia 42, 65 Oldrij 84). 3-nji duşuşyklar deňlikde gutaryp, Italiýa Meksika bilen 11 (Massaro 48Bernal 57), Irlandiýa bolsa Norwegiýa golsuz deňme-deň oýnaýar.

Netijede, 4 ýygyndynyň hem 4 utugy bolup, Meksikadyr Irlandiýanyň hem-de Italiýanyň

Meksika 3 gol geçirip, 3 gol geçirdýär. Irlandiýa bilen Italiýa 2 gol geçirip, 2 gol geçirdýär. 1 gol geçirip, 1 gol geçirden Norwegiýa toparçada 3-nji ýer eýeleýär.

“F” toparçada Belgiýa Marokkony Degrisiň goly bilen 1-0 utýar.Niderlandlar Saud Arabystanyndan Ýonk hem-de Tautmentiň gollary esasynda 2-1 üstün çykýar.Duşuşykda araplaryň adyndan Fuad Anwar tapawutlanyp, milli ýygyndysynyň Dünýä Kubogyndaky ilkinji goluny geçiren oýunçy bolýar.

Belgiýa Niderlandlary-da 1-0 ýeňýär (Albert 65).Araplar Marokkony 2-1 ýeňýär. 3-nji duşuşyklarda Saud Arabystany Belgiýany Said Al-Owairanyň taryhy goly bilen 1-0 utýar.

Niderlandlaram Marokkony 2-1 ýeňýär.Netijede, Niderlandlar, Saud Arabystany hem-de Belgiýa ýaryşy dowam edýär. .

Ikinji tapgyrda Germaniýa Belgiýany (Wöller 6, 40, Klinsmann 11Grün 8, Albert 90), Rumyniýa-da Maradonasyz Argentinany (Dumitresku 11, 18, Haji 58 Batistuta 16 p, Balbo 75) 32 hasabynda ýeňýär.

Ispaniýa Şweýsariýany 30 utan bolsa (Hierro 15, L.Enrike 74, Begiristain 86 p), Şwesiýa Dalin we Kennet Anderssonyň (2) gollary bilen Saud Arabystanynyň ýygyndysyndan 31 hasabynda üstün çykýar.

Braziliýa ABŞ-nyň ýygyndysyny Bebetonyň 72-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňip, ýer eýelerini ýaryşdan çykarýar.Niderlandlar Irlandiýany Bergkamp we Ýonkuň takyk urgularynyň netijesinde 2-0 hasabynda ýeňýär.

Nigeriýa bilen Italiýanyň arasyndaky duşuşyk çekeleşikli geçip, ýewropalylar goşmaça wagtda Roberto Bajjonyň 2 goly esasynda ýeňşini baýram edýär (Amuneke 25 Bajjo 88, 102 p).Esasy wagty 11 (Aspe 18 pStoiçkow 6) deňlikde tamamlanan oýunda Meksika penaltileriň netijesinde soň Bolgariýadan 31 hasabynda asgyn gelýär.

Çärýek finalda Italiýa Ispaniýany Bajjolaryň gollary bilen 2-1 hasabynda utýar (D.Bajjo 25, R.Bajjo 88 Kamiero 58).Edil şeýle netije Bolgariýa bilen soňky çempion Germaniýanyň arasyndaky oýunda-da hasaba alnyp, nemesler çempionaty wagtyndan ir terk etmeli bolýarlar (Stoiçkow 75, Letçikow 78 Matteus 47 p).

Esasy wagty 11, goşmaça wagty 22 tamamlanan oýunda şwedler rumynlary penaltileriň netijesinde ýeňlişe sezewar edýär (54). Şwesiýa 4-nji gezek ýarym finala çykýar. Çärýek finalyň iň gyzykly oýny Braziliýa bilen Niderlandlaryň arasyndaky duşuşyk bolýar. Çekeleşikli geçen oýunda sambaçylar 32 hasabynda ýeňiş gazanýar.

Romariodyr (53) Bebetonyň (63) gollary bilen 20 hasabynda öňe saýlanan brazillere Bergkamp (64) bilen Winter (76) jogap berýär.Oýnuň 81-nji minutynda Brankonyň uzakdan ýerine ýetiren jerime urgusy brazillere ýeňiş getirýär.

Ýarym finalda Roberto Bajjo gol geçirmegini dowam etdirýär. 21-nji 25-nji minutlarda tapawutlanan italýan hüjümçi toparynyň Bolgariýany 21 (Stoiçkow 44 p) hasabynda ýeňmeginde esasy roly oýnap, Italiýany finala çykaran oýunçy bolýar. Şeýlelikde, Italiýa 12 ýyl soň ýene-de finala çykmagy başarýar.

Beýleki ýarym finalda-da Şwesiýa bilen duşuşan Braziliýanyň ýygyndysyna Romarionyň 80-nji minutdaky goly 5-nji sapar finala çykmagy üçin ýeterlik bolýar (10).

Bürünç medal ugrundaky duşuşyk Pasadena şäherindäki “Rouz Bowl” stadionynda oýnalyp, oňa 91 500 janköýer gatnaşýar.Oýunda BAE-li Ali Busjaim jürlewük çalýar. Ýewropanyň 2 wekili Şwesiýa bilen Bolgariýanyň arasyndaky duşuşykda skandinawlar örän şowly çykyş edýär.

Eýýäm 1-nji ýarymda 4 gol geçiren şwedler 40 (Brolin 8, Mild 30, Larsson 37, K.Andersson 40) hasabynda ýeňşini baýram edip, 2-nji gezek bürünç medala mynasyp bolýar.

Bajjonyň taryhy penaltisi

17-nji iýulda ýerli wagt bilen gündiz 12:30-da başlanan finalda wengriýaly Sandorm Pul jürlewük çalyp, Pasadenadaky Rouz Bowl stadionyndaky duşuşyga 94 194 janköýer tomaşa edýär.

Iki toparyň finala çykmagynda esasy rol oýnan Bajjo bilen Romarionyň arasyndaky tutluşyga öwrülen oýun dartgynly bolsa-da, çekeleşikli bolmaýar.Iki topar mundan 24 ýyl öňem finalda duşuşypdylar we şonda Braziliýa Italiýany 41 hasabynda ýeňipdi.

Oýnuň 1-nji ýarymynda, hatda 2-nji ýarymynda-da hasap açylmaýar.Goşmaça ýarym sagat oýnalýar.Onda-da üýtgän zat bolmaýar we duşuşyk Dünýä Kubogynyň taryhynda gol geçirilmedik final hökmünde hasaba alynýar. Şeýlelikde, penalti urgulary ýerine ýetirilýär.

Ilkinji urup başlan italýanlardan Baresi, Massaro we aýratynam Roberto Bajjo topy derwezä girizip bilmeýär.Toparyny finala çykaran super ýyldyzyň ýokary depen urgusy finalyň nyşanyna öwrülýär.

Italýanlardan Albertini we Ewaniniň penaltileri takyk bolýar. Marsio Santos bilen şowsuz başlan brazillerden Romarionyň, Branko hem-de Dunganyň urgulary derwezä girýär. Netijede, penaltilerden soň 3-2 ýeňiş gazanan Braziliýanyň ýygyndysy 4-nji gezek Dünýä Kubogyny eýeleýär. Braziliýanyň milli ýygyndysy Dünýä Kubogyny 4-nji gezek eýelän ilkinji topar bolýar.

GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR

“A”: ABŞŞweýsariýa: 11, KolumbiýaRumyniýa 13, RumyniýaŞweýsariýa: 14, ABŞKolumbiýa: 21, ŞweýsariýaKolumbiýa: 02, ABŞRumyniýa: 01; “B”: Kamerun- Şwesiýa: 2-2, Braziliýa Russiýa: 2-0, Braziliýa Kamerun: 3-0, Şwesiýa Russiýa: 3-1, Russiýa Kamerun: 6-1, Braziliýa Şwesiýa: 1-1; “C”: Germaniýa Boliwiýa: 1-0, Ispaniýa G.

Koreýa: 2-2, Germaniýa Ispaniýa: 1-1, G.Koreýa Boliwiýa: 0-0, Boliwiýa Ispaniýa: 1-3, Germaniýa G.Koreýa: 3-2; “D”: Argentina Gresiýa: 4-0, Nigeriýa Bolgariýa: 3-0, Argentina Nigeriýa: 2-1, Bolgariýa Gresiýa: 4-0, Argentina Bolgariýa: 0-2, Gresiýa Nigeriýa: 0-2; “E”: Italiýa Irlandiýa: 0-1, Norwegiýa Meksika: 1-0, Italiýa Norwegiýa: 1-0, Meksika Irlandiýa: 2-1, Italiýa Meksika: 1-1, Irlandiýa Norwegiýa: 0-0; “F”: Belgiýa Marokko: 1-0, Niderlandlar S.

Arabystany: 2-1, Belgiýa Niderlandlar: 1-0, S.Arabystany Marokko: 2-1, Belgiýa S.Arabystany: 0-1, Marokko-Niderlandlar: 1-2

1/8 FINAL: Germaniýa Belgiýa: 3-2, Ispaniýa Şweýsariýa: 3-0, S. Arabystany Şwesiýa: 1-3, Rumyniýa Argentina: 3-2, Niderlandlar Irlandiýa: 2-0, Braziliýa ABŞ: 1-0, Nigeriýa Italiýa: 1-2 (g.w.), Meksika Bolgariýa: 1-1 ,1-3 (p)

ÇÄRÝEK FINAL: Italiýa Ispaniýa: 2-1, Niderlandlar Braziliýa: 2-3, Bolgariýa Germaniýa: 2-1, Rumyniýa Şwesiýa: 2-2, 4-5 (p)

ÝARYM FINAL: Bolgariýa Italiýa: 1-2, Şwesiýa Braziliýa: 0-1

3-nji ÝER ÜÇIN: Şwesiýa Bolgariýa: 4-0

FINAL: Braziliýa Italiýa: 0-0, 3-2 (p)

GYZYKLY MAGLUMATLAR

* Nigeriýa, Gresiýa, Saud Arabystany ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar. Şeýle-de Günbatar Germaniýa (GFR) Germaniýa, ozalky SSSR bolsa Russiýa diýen at bilen gatnaşyp başlaýar. Ilkinji sapar Afrika yklymyndan 3 topar gatnaşýar.

* Duşuşyklar ABŞ-nyň 9 şäherindäki 9 stadionda geçirilýär.

* Ortaça alnanda-da, umumy alnanda-da, iň köp janköýeriň tomaşa eden (stadionlarda) Dünýä Kubogy bolýar (jemi 3 587 538 tomaşaçy, ortaça her oýna 68 891 janköýer düşýär).

* 3 duşuşykda 6 gol salan, şolaryň 5-sini 1 oýunda tora girizen russiýaly Oleg Salenko 1 oýunda iň köp gol geçiren futbolçy bolýar. Şeýle-de, Salenko bolgariýaly Hristo Stoiçkow bilen bilelikde “Altyn butsy” baýragyny eýeleýär.

* Dünýä Kubogyna ilkinji sapar 1950-nji ýylda gatnaşyp başlan Beýik Britaniýanyň wekilleriniň ýekejesi-de birinji gezek gatnaşmaýar.

* ABŞŞweýsariýanyň arasyndaky oýun Dünýä Kubogynyň taryhynda üsti ýapyk meýdançada geçirilen ilkinji duşuşyk bolýar.

* Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji sapar 3 utukly ulgama geçilýär we toparçalarda ýeňiş gazanan toparlara 2 däl-de 3 utuk berlip başlanýar.

* Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek futbolçylaryň köýnekçelerine olaryň atlary (familiýalary) ýazylýar. Çempionatda ilkinji gezek yza, ýagny derwezeçä pas bermek (ýagny berlen pasy eli bilen almazlyk) düzgüni hem ýola goýulýar

* Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek final duşuşygynyň esasy we goşmaça wagtynda hasap açylmaýar hem-de ýeňji penaltileriň netijesinde kesgitlenilýär.

* Prýudomm (Belgiýa); Žoržinio, Santos (ikisem Braziliýa), Maldini (Italiýa); Dunga (Braziliýa), Balakow (Bolgariýa), Haji (Rumyniýa), Brolin (Şwesiýa); Romario (Braziliýa), Stoiçkow (Bolgariýa), R Bajjo (Italiýa) çempionatyň simwoliki toparyna saýlanýar.

* Çempionatyň iň ýatda galan wakasy italýanlaryň finala çykmagynda uly rol oýnan Bajjonyň finalda penalti urgusyny ýokary depmegi bolýar.

* Italiýaly Janluka Palýuka Dünýä Kubogynyň taryhynda gyzyl kart alan ilkinji derwezeçi bolýar (ItaliýaNorwegiýa: 10)

* Çempionatyň maskoty “Striker” atly güjüjek bolup, çempionatda “Adidas”-yň “Questra” atly toplary ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar
Iň köp gol geçiren futbolçylar
Ronaldo taryhyň iň köp gol geçiren futbolçysy
90 ýyllyk “La Liga”