Futbolyň şasy Pele 80 ýaşady

Futbolyň şasy hasaplanýan Pele 80 ýaşy

arka atdy. 1940-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Braziliýanyň Minas-Žeraýs ştatynyň Tres-Korasoýns şäherinde dünýä inen Pele 15 ýaşynda “Santos” klubunda professional karýerasyna başlaýar. 1 ýyldan soň, milli

ýygyndyda-da oýnap başlan Pele 17 ýaşyndaka Dünýä Kubogyny eýeleýär. Doly ady Edson Arantis du Nasimentu bolan Pele 1956-njy ýyldan 1974-nji ýyla çenli “Santos” toparynyň köýnekçesini geýýär. Ol bu

toparda ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 656 oýun geçirip, şolarda 643 goly öz

adyna ýazdyrýar. Pele 1975-nji ýylda “Nýu Ýork Kosmos” klubunyň hataryna goşulýar we bu ýerde-de 3

möwsüm, ýagny karýerasyny tamamlaýança çykyş edýär. Ol amerikan toparynyň

düzüminde-de 107 oýunda 64 gezek tapawutlanýar.

Pele ilkinji gezek 16 ýaşynda,

1957-nji ýylyň 7-nji iýulynda milli ýygyndynyň köýnekçesini geýýär. Şonda “Marakana” stadionynda Braziliýanyň ýygyndysy ezeli bäsdeşi Argentinany

2-1 ýeňýär. 1971-nji ýyla çenli-de

ýygyndynyň esasy ýyldyzy bolýar. Ol şol döwürde 92 oýunda 77 gol geçirýär. Pele resmi däl ýoldaşlyk duşuşyklaryny-da

hasaba alanyňda milli ýygyndynyň köýnekçesi bilen 95 gol geçirýär.

Pele Braziliýanyň ýygyndysy bilen 3 gezek Dünýä Kubogyny

(1958, 1962, 1970) gazanýar. Ol bu ugurda futbolyň iň uly kubogyny 3 gezek

asmana göteren ýeke-täk futbolçydyr. Dünýä Kubogynyň finalynda çykyş eden iň

ýaş futbol bolan Pele bu ýaryşda het-trik eden iň ýaş futbolçy adynyň hem eýesidir. Dünýä Kubogy ýaryşynda 14

duşuşykda 12 gol geçiren Pele 10 gola-da ýardam asistlik edýär. Peläniň karýerasynda yklymyň

çempionlygynyň, ýagny Kopa Amerika

Kubogynyň ýokdugy

Peläniň klub derejesinde gazananlaryna

ser salsak, “Santos” bilen Braziliýanyň çempionlygyna 6, Libertadores Kubogyna 2, Yklymlararasy Kubogyna 2, Yklymlar arasy Naýbaşy

kubogyna 1, Paulista

welaýatynyň

çempionlygyna 10, RioSao Paulo ýaryşynyň çempionlygyna 4 gezek

mynasyp bolýar. “Nýu

Ýork Kosmos”

klubunda-da Konferensiýanyň çempionlygyny hem-de ozalky NASL-yň (häzirki MLS) çempionlyk kubogyny eýeleýär.

Şahsy sylaglary barada-da aýtsak, ol

milli çempionatda 3, Libertadores Kubogynda 1, Yklymlararasy

Kubogy ýaryşynda

2, Paulista welaýatynyň çempionatynda 11

gezek iň netijeli futbolçy bolýar.

Birnäçe rekordyň hem eýesi bolan Pele

1999-njy ýylda IFFHS

(Halkara futbol

taryhy we statistikasy federasiýasy) tarapyndan asyryň futbolçysy diýlip

saýlandy. Şol ýyl FIFA

tarapyndan hem

“futboldaky ezeli bäsdeşi” Diego Maradona bilen asyryň futbolçysy baýragyny paýlaşdy. Pele öz hasaplamalaryna görä ähli

duşuşyklary (resmi, resmi däl, resmi däl ýoldaşlyk duşuşyklaryny) hasaba

alanyňda, 1363 oýunda 1279 gol geçiripdir. Ol bu ugurda Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.

Resmi hasabatlara seretsek, Pele 831 oýunda 767 gol bilen umumy sanawda 3-nji orunda

barýar.

3 gezek öýlenen Peläniň 7 çagasy bar.

1995-1998-nji ýyllar aralygynda ýurdunyň Sport ministri wezipesinde işlän Pele

Time žurnaly tarapyndan 1999-njy ýylda iň täsirli 100 ynsan sanawyna alyndy.

Hemişe Maradona bilen deňeşdirilýän Pele 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň parahatçylyk ilçisi saýlanýar.

Ýene degişli makalalar

Peläniň futbol karýerasy
1000-nji goluny geçirýär
Messi karýerasyndaky gollaryň sany boýunça Peleden öňe geçdi
Hassahana ýerleşdirilenden soň, Peläniň ýagdaýy durnuklaşdy
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)
Braziliýaly ýyldyz futbolçy Pele aradan çykdy
Mewlüt Çawuşogly Pelenyň Jynaza Namazyna Gatnaşar