Messi karýerasyndaky gollaryň sany boýunça Peleden öňe geçdi

Messi karýerasyndaky gollaryň sany boýunça Peleden öňe geçdi

Pari Sen-Žermen klubynyň hüjümçisi Lionel Messi futbol karýerasynda ady rowaýata öwrülen braziliýaly Peleden has köp gol geçirdi. Argentinaly oýunçy bu görkezijä Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Brýugge klubyna dubl edip gazandy.

Messi karýerasynda 758 gol geçirdi, şol bir wagtda RSSSF-niň maglumatlaryna görä, Braziliýanyň Santosynyň öňki hüjümçisi 757 gol geçirdi. Öň, Leo Peläniň gollar boýunça rekordyny täzeläpdi, ýöne ol diňe milli ýygyndylaryň düzüminde şeýledi.

Messi klubyň düzüminde 678 gol, milli ýygyndynyň düzüminde 80 gol geçirdi.Pele klubyň düzüminde 680 gol, ýygyndynyň düzüminde bolsa 77 gol geçirdi. Şeýlelikde, Messi bu görkeziji babatda diňe Mançester Ýunaýtediň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan yza galýar.

ESPN portalynyň statistikasyna görä, portugaliýaly oýunçy ýakynda karýerasynda 800-nji goluny geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Santosda Peläniň aramgähi açyldy
Hassahana ýerleşdirilenden soň, Peläniň ýagdaýy durnuklaşdy
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)
Peläniň futbol karýerasy
Braziliýaly ýyldyz futbolçy Pele aradan çykdy
Mewlüt Çawuşogly Pelenyň Jynaza Namazyna Gatnaşar