Hassahana ýerleşdirilenden soň, Peläniň ýagdaýy durnuklaşdy

Hassahana ýerleşdirilenden soň, Peläniň ýagdaýy durnuklaşdy

Geçen ýylyň sentýabr aýynda ýogyn içegesinde çiş bardygy anyklanylandan soň, ady rowaýata öwrülen meşhur braziliýaly futbolçy Pele hassahana ýerleşdirilipdi. Ol ýakyn günlerde hassahanadan çykarylar diýip, San-Paulodaky Albert Eýnşteýn adyndaky hassahananyň beýannamasyna salgylanýan Globo habar berýär.

81 ýaşly Peläniň nobatdaky gezek hassahana ýerleşdirilýändigi 19-njy aprelde mälim bolupdy. Onuň saglyk ýagdaýyna hiç hili howpuň abanmaýandygy, hassahana ýatyrylmagy ýene himiýaterapiýa kursuny almak bilen bagly däldigi aýdylypdy.

Pele - futbol boýunça dünýäniň ýeke-täk üç gezek çempiony (1958, 1962,1970). Ol Braziliýanyň ýygyndysynyň düzüminde 92 oýny geçirdi we 77 gezek gol saldy. Hüjümçi Braziliýanyň "Santos"-ynda (1956-1974) we Amerikanyň "Nýu-Ýork Kosmos"-ynda (1975-1977) çykyş edýärdi.

Ýene degişli makalalar

Braziliýaly ýyldyz futbolçy Pele aradan çykdy
Pele Soňky Ýoluna Ugradylýar
Santosda Peläniň aramgähi açyldy
Messi karýerasyndaky gollaryň sany boýunça Peleden öňe geçdi
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)
Peläniň futbol karýerasy