Braziliýaly ýyldyz futbolçy Pele aradan çykdy

Braziliýaly ýyldyz futbolçy Pele 82 ýaşynda aradan çykdy.

Braziliýanyň hökümedi Peleniň 82 ýaşynda aradan çykmagy sebäpli 3 günlük milli ýas yglan etdi.

Pele ady bilen tanalýan we futbol taryhynda adatdan daşary üstünlikler gazanan futbolçy Edson Arantis du Nasimentu, ýurduň San-Paulu şäherinde bejergi alýan Alber Eýnşteýn hassahanasynda aradan çykdy.

Pele futbol karýerasy boýunça 1282 gol atdy.

Kyn rekordlara eýe boldy.

Top her gezek aýagyna degeninde tapawutlylygyny orta goýan Pele, 1940-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Braziliýada eneden doguldy.

11 ýaşynda futbola bolan ukyby ýüze çykarylýança çenli, aýakgap boýan Pele, ilkinji professional duşuşygyny 1956-njy ýylda geçirdi.

2 ýyl soň entek 17 ýaşyndaka milli ýygyndynyň düzümine goşulyp Dünýä futbol çempionatyna gatnaşdy.

Ýer eýesi Şwesiýanyň derwezesine 2 gol geçirip, Braziliýanyň kubogy gazanmagynda esasy orun eýeledi.

Şol üstünligi oňa dünýä derejesinde şöhrat gazandyrdy.

Peleniň abraýyna abraý goşan 1970-nji ýylda Meksikada geçirilen Dünýä futbol çempionaty telewizorda reňkli ýagdaýda görkezilen ilkinji dünýä çempionatydy.

Karýerasy boýunça 3 Dünýä Futbol çempionatyny gazanan Pele, karýerasy boýunça 6 gezek her duşuşykda 5 gol geçirdi.

30 gezek her duşuşykda 4 gol atan meşhur futbolçy 92 duşuşykda bolsa het-trik etdi.

Ýyldyz futbolçy 1956-1974-nji ýyllar aralygynda San-Paulu şäheriniň Santos Futbol Klubynda oýnady.

Şol wagt aralygynda Ýewropanyň klublary Peleni özüniň toparyna geçirmek islediler.

Emma Braziliýanyň hökümeti ýyldyz futbolçyny milli hazyna hökmünde yglan etdi we Pele daşary ýurt toparlarynda oýnap bilmedi.

Ýyldyz futbolçynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen bagly iň ýatdan çykmajak ýatlama bolsa, Peleniň duşuşygyna tomaşa etmek üçin Nigeriýadaky içerki söweşde 2 günlük od açmazlyk ylalaşygynyň yglan edilmegi boldy.

Ýene degişli makalalar

Hassahana ýerleşdirilenden soň, Peläniň ýagdaýy durnuklaşdy
Pele Soňky Ýoluna Ugradylýar
Futboluň şasy aradan çykdy
Turkish Airlines Aşgabada uçuşlary dikelder, Bäherden etrabynda suw arassalaýjy toplum işe girizildi, türkmen keşdesi ÝUNESKO-nyň Sanawyna girizildi we beýleki habarlar
Pele hassahana ýerleşdirildi
Pele Soňky Ýoluna Ugradyldy