Şu ýyl täzelenilip biljek rekordlar

Klaudio Pizarro häzirki wagtda 191 gol bilen “Bundesliganyň” iň netijeli daşary ýurtly oýunçysy. 39 ýaşyndaky peruly hüjümçi “Kölnde” oýnaýar.Geçen ýylyň mart aýyndan bäri gol geçirip görmedik Pizarronyň rekordyny täzelemäge iň golaý oýunçy “Bawariýanyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowskidir.

Onuň 166 goly bar. “Bundesligada” ortaça 0,68 gol geçirýän Lewandowkskiniň rekordy täzelemegi mümkin.Wengriýaly Ferenç Puşkaş ýarym asyrdan gowrakdan bäri milli ýygyndylar boýunça Ýewropada iň köp gol geçiren oýunçy diýen rekordynyň eýesi. Ýöne oňa bu rekordy 2019-njy ýyla çenli saklamak başardarmyka?

Sebäbi 32 ýaşly portugaliýaly super ýyldyz Kriştiano Ronaldo ýene-de 6 gol geçirse Puşkaşdan öňe saýlanyp, 109 goly tutuş dünýäde birinji orunda barýan eýranly Ali Daeiden soň 2-nji basgançaga çykar.

Ronaldo 2016-njy ýylda 13 oýunda 13, geçen ýyl bolsa, 11 oýunda 11 gezek tapawutlanypdy.201112 futbol möwsüminde “Real Madrid” “La Ligada” 100 utuk bilen çempionlyk gazanyp, rekord goýupdy.

Bir möwsümden soň “Barselona” hem bu rekordy gaýtalapdy. Şu möwsümde 19 oýunda 51 utuk toplan “Barselona” 100 utukdan geçen ilkinji topar bolup biler.Birinji aýlawda ortaça 2,68 utuk toplan “Barselonanyň” galan 19 oýunda 50 utuk gazanmagy ýeterlikdir. Şeýle-de 19 duşuşykda derwezesine 9 gol goýberen “Barselonanyň” 193132 futbol möwsüminde 15 gol geçirden “Realyň” şol rekordyny hem täzelemegi mümkin.Kolumbiýaly derwezeçi Farid Mondragon Braziliýa 2014-de çykyş edip, Dünýä çempionatynda oýnan iň ýaşuly oýunçy bolmagy başarypdy.

Ol şonda 43 ýaş 9 gün bilen kamerunly Rojer Millanyň 20 ýyllyk rekordyny öz adyna geçiripdi.Eger-de müsürli Essam El-Hadari Russiýa 2018-de çykyş etse, onda rekord ýene-de üýtgär.

Geçen 2017-nji ýylda milli toparda 8 duşuşyk geçiren El-Hadari öňümizdäki Dünýä çempionatynda çykyş etse, 45 ýaş 5 aýlyk görkeziji bilen rekordyň täze eýesi bolar.ABŞ-nyň iň meşhur futbolçysy Landon Donowan MLS-iň iň netijeli futbolçysy.

ABŞ-nyň çempionatynda 145 gezek tapawutlanan Donowanyň rekordyny şu aýyň ahyrynda 35 ýaşyny doldurjak Kris Wondolowski täzeläp biler. “San Hose Örskueýk” toparynyň futbolçysyna ýene-de 12 gol gerek.Ol 2016-njy ýylda 12, 2017-nji ýylda bolsa 13 pökgi geçiripdi.Italiýanyň eýýämden ady rowaýata öwrülen derwezeçisi Janluiji Buffon 2 rekordyň bosagasynda dur.

Eger-de bu ýylam “Ýuwentus” çempion bolaýsa, onda ol 9 çempionlyk bilen “Serie A-da” iň köp ýeňiş gazanan oýunçy bolar.Häzirki wagtda Buffon bilen bilelikde, Wirjinio Rosettanyň, Jowanni Ferrariniň, Juseppe Furinonyň 8 çempionlygy bar. Şeýle-de 28-nji ýanwarda 40 ýaşa gadam basjak Buffon “Serie A-da” galan 18 oýunda-da meýdança çyksa, onda ol 647 oýunly Paolo Maldininiň rekordyna şärik bolar.Germaniýaly Tomas Müller Russiýada guraljak Dünýä çempionatynda ýene-de 5 gezek tapawutlansa, onda ol 3 Dünýä Kubogynda 5 gol geçiren ilkinji futbolçy bolar.

Häzirki wagtda Tomas Müller (2010, 2014) bilen watandaşy Miroslaw Kloze (2002, 2006) hem-de peruly Teofilo Kubilýas (1970, 1978) 2 Dünýä çempionatynda 5 goldan geçiripdi.“Aston Willa” topary 193031 möwsüminde milli çempionatda ortaça her oýunda 3,01 gol geçirip, ýokary netije görkezipdi (42 oýunda 128 gol).

Muňa garamazdan, birmingemliler çempionlygy 127 gol geçirip, 7 utuk öňe saýlanan “Arsenala” aldyrypdylar we 2-nji orny eýeläpdiler.Häzirki wagtda Angliýanyň “Premier ligasynda” sanawyň lideri “Mançester Siti” 23 oýunda 67 gezek tapawutlandy. Şäherliler galan 15 duşuşykda 48 gol geçirse, onda olar ortaça 3,02 gol bilen 87 ýyllyk rekordy täzelärler.

Ýene degişli makalalar

Alty topar Ýewropa çempionatyna ýollanma aldy
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
17-nji noýabr
Bellingam bar bolsa…
Son Hyn Min 2020-nji ýylyň iň owadan goly üçin FIFA-nyň Puşkaş baýragyny aldy