AFK-nyň Çempionlar ligasynda ähli toparçalar doly düzüldi

AFK-nyň Çempionlar ligasynda ähli toparçalar doly düzüldi

Düýn AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşyklary geçirildi. Toparçalaýyn tapgyrda bolşy ýaly, saýlama oýunlar hem gündogar we günbatar sebitlerde aýry-aýrylykda geçirildi.

Saub Arabystanyndaky King Abdulla Sport Siti stadionynda geçirilen duşuşykda ýerli Al-Tawun Siriýanyň Al-Jaiş toparyny 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 5:4 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Al-Tawun AFK-nyň Çempionlar ligasynda D toparçanyň wekili boldy.

Bu toparçada oňa Kataryň Al-Duhaýly, Eýranyň Sepahany, Özbegistanyň Pahtakory garaşýardy.D toparçanyň duşuşyklary 7 ― 27-nji aprel aralygynda Saud Arabystanynyň Buraýda şäherinde geçiriler.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Özbegistanyň Nasafy myhmançylykda BAE-niň Baniýasyny 2:0 hasabynda ýeňip, E toparça goşuldy.Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen başga bir duşuşykda bolsa ýerli Şarja Yragyň Al-Zawrasyny 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 6:5 hasabynda ýeňdi. Şarja yklym ýaryşynyň A toparçasyndan orun aldy.

Bu toparçada ozal Saud Arabystanynyň Al-Hilaly, Kataryň Al-Raýýany we Täjigistanyň Istikloly bardy.

Gündogar sebitde bir duşuşygyň ýatyrylandygyny ozal habar beripdik. Ýaponiýada geçirilen duşuşykda Wissel Kobe Awstraliýanyň Melburn Wiktoriýasyny ýarym sagatlyk goşmaça wagtda 4:3 hasabynda ýeňip, J toparça goşuldy. Bu toparçanyň beýleki wekilleri Hytaýyň Şanhaý Port, Taýlandyň Çiangraý Ýunaýted we Gonkongyň Kitçi toparlarydyr. Kitçide türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň hem çykyş edýändigini ýatladýarys.

Koreýa Respublikasynda geçirilen duşuşykda Ulsan Hýundai Tailandyň Port toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, koreý topary ozal düzüminde Ýaponiýadan Kawasaki Frontale, Hytaýdan Guandžou we Malaýziýadan Jahor Darul Tazim bolan I toparçanyň dördünji wekili boldy.

Koreýa Respublikasyndaky beýleki bir duşuşykda bolsa Daegu topary esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda Taýlandyň Buriram Ýuaýtedini 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 3:2 hasabynda ýeňdi. Koreý topary bu ýeňiş bilen F toparçanyň wekili boldy. Bu toparçada Hytaýyň Şandong Taýşan, Ýaponiýanyň Urawa Red Daýmonds we Singapuryň Leon Siti toparlary bar.

Yklym ýaryşynyň C toparçasyna şu ýyl ýurdumyzyň wise-çempiony Ahalyň hem wekilçilik edýändigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
Ýaponiýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim boldy
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Futbol täzelikleri
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Gündogar zolakdaky duşuşyklary kabul etjek döwletler belli boldy