Dünýädäki täsin ýaşaýyş ýerleri

Adamlaryň ýaşaýan ýeri barada aýdylanda, adatça ýaşaýyş jaýy göz öňüňe gelýär. Emma dünýäniň birnäçe ýerinde dürli tebigy şertlerde sowukda, yssyda, dagyň depesinde, suwda… ýaşaýan adamlar bar. Daşyndan seredeniňde üýtgeşik we mümkin däl ýaly görünýändigine garamazdan, ýaşaýjylar üçin bu adaty zat. Geliň, dünýädäki täsin ýaşaýyş merkezleri bilen tanyş bolalyň!

Ýakutsk, Russiýa. Arktik tegelegiň 450 kilometr günortasynda ýerleşýän Ýakutsk resmi taýdan dünýäniň iň sowuk şäheri hasaplanýar. Şäherdäki howa gyş aýlarynda ortaça 44 derejede sowuk bolýar. Şäherdäki ýaşaýjylar gyş möwsüminde her gün 4 sagat işleýärler we galan wagt öýde bolýarlar. Ýakutskyň, takmynan, 300 müň ýaşaýjysy bolup, esasan, dag-magdan känlerinde işleýärler. Şäherde ulag gatnawy seýrek bolup, awtoulaglary 24 sagat işledip goýmaly bolýar.

Çong Khneas, Kamboja. Kambojanyň demirgazyk-günbataryndaky süýji suwly Tonlesap kölünde ýüzýän oba bar. 1997-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan biosfera goraghanasy hökmünde hasaba alnan bu oba balykçylaryň mesgeni hasaplanýar. Maglumatlara görä, ýüzýän” obanyň 1 milliondan gowrak ýaşaýjysy bar. 3 müň inedördül kilometr meýdany tutýan kölde balyklaryň 200-den gowrak görnüşi ýaşaýar.

Kliff, Hytaý. Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynda ýerleşýän Kliff obasy gaýanyň üstünde we dagyň eteginde gurlan täsin binagärligi emele getirýär. Oba ýaşaýjylary gaýalaryň gyrasyndaky basgançaklardan ýöräp öýlerine barýarlar. Ýerden ýokary galyp gidýän agaç basgançaklar 2016-njy ýylda polat basgançakly ýodalar bilen çalşyrylýar.

Matmata, Tunis. Demirgazyk Afrikanyň kiçijik şäheri bolan Matmata yklymyň iň gadymy we durky saklanyp galan binagärligi hasaplanýar.Matmata paýtagt şäher Tunisden 30 kilometr uzaklykda, Sahara çölüniň iň çetinde ýerleşýär.

Bu ýerdäki jaýlaryň gurluşygynda agaç ýa-da daş ulanylman, toprak gatlaklary oýulyp ýasalypdyr.Jaýlaryň gapylary, penjiresi we basgançaklary hek bilen aklanypdyr. Şäheriň 4 müň töweregi ýaşaýjysy bolup, zeýtun ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar.

Matmata binagärliginiň Ýyldyz söweşleri (1970 ý.) filminde myhmanhana hökmünde suratlandyrylmagyndan soň, bütin dünýä meşhur bolýar.

Villa Girasole, Italiýa. 1930-njy ýylda italýan binagäri Ettore Fagiuoli tarapyndan gurlan Villa Girasole çylşyrymly gurluşy bilen tapawutlanýar. Günebakardan ylham alnyp gurlan bu bina Gün şöhlesine görä aýlanyp hereket edýär. Gün şöhlesiniň adama berýän peýdasy göz öňünde tutulyp gurlan iki gatly binanyň beýikligi 42 metr bolup, L harpyna meňzeýär.

Kuber-Pedi, Awstraliýa. Günorta Awstraliýanyň demirgazygynda, çölüň içinde ýerleşýän Kuber-Pedi dünýäniň opal (gymmat bahaly daş, element) paýtagty hökmünde häsiýetlendirilýär. Kober Pediniň ýaşaýjylary yssy ýa-da sowuk howa şertlerinde ýerasty penjiresiz jaýlarda we gowaklarda ýaşaýarlar. Şeýlelik bilen olar howa şertiniň täsirlerinden goranýarlar. Şäherçäniň 2 müň ilaty bar.

Ponte-Wekko, Italiýa. Arno derýasynyň üstünde ýerleşýän Ponte-Wekko Florensiýanyň iň meşhur köprüsi hasaplanýar.XIV asyrda gurlan bu köpri dürli maksatlar bilen ulanylyp gelnipdir.XX asyrda köpriniň üstünde söwda öýleri, naharhanalar we hyzmat ediş öýleri peýda bolup başlaýar.

Häzirki wagtda köprüde söwda dükanlary bilen bir hatarda ýaşaýyş jaýlarynyň bolmagy köpçüligiň ünsüni özüne çekýär.Ponte-Wekko ýurduň milli sungat binasy hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýada 56 dereje sowuk hasaba alyndy
Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna
Dünýäniň iň sowuk şäheri
Ýakut kinosy girdejilerini artdyrdy
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy
Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder