Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 1-nji maý)

Niderlandlaryň Kubogy ýaryşynyň finalynda PSW bilen Aýaks duşuşyp, esasy wagty 1-1 gutaran duşuşykda penaltileriň netijesinde 3:2 öňe saýlanan PSW bassyr 2-nji, umumylykda 11-nji gezek kubogy eýelemegi başardy.

NBA-da soňky ýarym finalçy-da belli bolup, 7-nji duşuşykda myhmançylykda Sakramento Kingsi 120:100 hasap bilen ýeňip, umumy hasapda 4:3 öňe saýlanan soňky çempiony Golden Steýt Warriors ýarym finala çykdy we Los Anjeles Leýkersiň garşydaşy boldy.

Sakramento Kings-Golden Steýt Warriors duşuşygynda 50 utuk geçiren super ýyldyz Stefen Körri 7-nji duşuşyklarda iň köp utuk geçiren basketbolçy boldy.

NBA-da Gündogar Konferensiýanyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda Maýami Hit myhmançylykda Nýu Ýork Niksi 108:101 hasabynda ýeňip, 1:0 öňe saýlandy.

Türkiýäniň futbol çempionaty Süper Ligde Stambul derbisinde 3-nji ýerdäki Beşiktaş sanawyň lideri Galatasaraýy 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, aratapawudy 5 utuga düşürdi.

AFK Çempionlar Ligasynyň finalynyň Saud Arabystanynda oýnalan 1-nji duşuşygynda Al-Hilal bilen Urawa Red Daýmonds 1-1 (S. Al-Dawsari 13 Koroki 13) deňme-deň oýnady (Jogap duşuşygy 6-njy maýda Saitamada oýnalar).

Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen küşt boýunça Dünýä çempionatynyň finalynda russiýaly Ýan Nepomniýaşini taý-brekde ýeňen hytaýly Din Liženýu ýeňip, çempionlyk gazanan 17-nji grossmeýster we ilkinji hytaýly ýeňiji boldy (Çempiona 1,1 million, wise-çempiona 900 müň ýewro pul baýragy berildi).

Ýene degişli makalalar

Los Anjeles Leýkers düzümine 2 ýyldyzy goşdy
Taryhdaky iň gymmat şertnama
“Golden Steýt Warriors” 7-nji gezek NBA-nyň çempiony
Yzly-yzyna 105 gezek takyk urgy geçirdi
NBA-nyň 75-nji möwsümi başlaýar
Dünýäniň iň köp pul gazanan türgenleri