NBA-nyň 75-nji möwsümi başlaýar

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-nyň täze möwsümi, ýagny 75-nji möwsümine ertir badalga berler.Adatça oktýabr aýynda başlaýan NBA-nyň täze möwsümi pandemiýa sebäpli dekabr aýyna süýşürilipdi.

Täze möwsümiň ilkinji duşuşyklary çarşenbe güni, ýagny 23-nji dekabrda (ir säher bilen) oýnalar.Toparlar 2 aý giç başlanýandygy sebäpli adaty möwsümde 82 däl-de 72 duşuşyk oýnarlar.

Möwsümiň ilkinji duşuşygynda Stefen Körriniň çykyş edýän “Golden Steýt Warriors” topary bilen “Bruklin Nets” topary güýç synanyşar (05:00). Şeýle-de şol günüň ýene bir esasy oýny Los Anjeles derbisi bolup, soňky çempion “Los Anjeles Leýkers” bilen “Los Anjeles Klippers” toparlary “Staples Center” arenada duşuşarlar (08:00).

NBA-da adaty möwsüm 17-nji maýa çenli dowam eder. 6-11-nji mart aralygynda 1 hepdelik arakesme yglan ediler. NBA-da pleý-off duşuşyklary-da 22-nji maý 6-njy iýul aralygynda geçiriler. NBA-nyň 75-nji möwsüminiň çempiony-da 2021-nji ýylyň 8-22-nji iýul aralygynda oýnaljak final oýunlaryndan soň belli bolar.

“LA Leýkers” düzümini güýçlendirdi

1946-njy ýylda BBA ady bilen geçirilip başlanan NBA-nyň täze möwsüminde çempionlygyň iň esasy dalaşgärlerinden, soňky çempion “Los Anjeles Leýkers” düzümini az-owlak güýçlendirdi. LeBron Jeýms bilen Entoni Dewisiň çykyş edýän kluby geçen möwsümiň iň ökde 6-njy oýunçysy saýlanan Montrezl Harrell, şeýle-de Mark Gasol, Wesli Mattýuws hem-de Dennis Şröder dagyny goşdy.

The post NBA-nyň 75-nji möwsümi başlaýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Çempion ýeňliş bilen başlady
35 müňden geçen 3-nji ýyldyz
Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Çempion öýüne gaýtdy
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 1-nji maý)
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 29-njy aprel)