Çempion ýeňliş bilen başlady

NBA-nyň täze 75-nji möwsümine şu gün badalga berildi.Möwsümiň ilkinji duşuşygynda “Golden Steýt Warriors” öz meýdançasynda “Bruklin Netsden” 125:99 hasabynda utuldy. Ýeňiş gazanan toparyň adyndan şowly çykyş eden Kaýr Irwing 26, “Golden Steýt” toparynyň ozalky oýunçysy, 18 aýdan soň meýdança çykan Kewin Durant 25 utuk geçirip, “Bruklin Netsiň” ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnady.

Günüň 2-nji duşuşygynda soňky çempion “Los Anjeles Leýkers” şäheriň beýleki topary “Los Anjeles Klippersden” 116:109 hasabynda utuldy.Duşuşykda ýeňiş gazanan topardan Pol Jorj 33, Kawhi Leonard 26 utuk geçirdi.

Super ýyldyz LeBron Jeýmsiň 22, Entoni Dewisiň 18 utugy “LA Leýkerse” ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

The post Çempion ýeňliş bilen başlady appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary
NBA-nyň 75-nji möwsümi başlaýar
Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleri
Dünýäniň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň sanawy
35 müňden geçen 3-nji ýyldyz
Dünýäniň iň köp pul gazanan türgenleri