Dünýäniň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň sanawy

Dünýäniň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň sanawy

Abraýly “Forbes” neşiri 2021-nji ýylda iň ýokary hak tölenýän 10 türgeniň sanawyny hödürledi. Bu barada sport24.ru habar berýär.

Garyşyk başa-baş göreşiň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor bu sanawda ilkinji gezek lider boldy.Forbes-iň maglumatlary boýunça, iki agram kategoriýasynda UFC-niň ozalky çempiony geçen 12 aýda jemi 180 million dollar gazandy (şolardan 22 milliony gönüden-göni sportda).

Girdejiniň ep-esli bölegi hususy Proper No.Twelve wiski brendiniň gözegçilik paýnamalarynyň satuwyndan geldi.Makgregor munuň üçin 150 mln dollar aldy. Ýene 8 mln dollary ol mahabat şertnamalaryndan gazandy.

Mundan öň Makgregor Forbes reýtingine diňe bir gezek girizilipdi.Ol ilkinji onluga 2018-nji ýylda girdi, şonda türgeniň girdejisi 99 mln dollar bilen bahalandyryldy.Sanawyň ikinji ornunda 130 mln dollar gazanan (şolardan 97 million dollary aýlygy) “Barselonanyň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ýerleşdi. Üçlügi “Ýuwentusyň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu jemleýär.

Ronaldu 120 mln dollar gazandy, şolardan 70 million dollary aýlyk hakydyr.

Ýylyň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň 10-lugy şeýle görnüşde:

1.Konor Makgregor (MMA) - $180 mln; 2.Lionel Messi (“Barselona”, futbol) - $130 mln; 3.Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”, futbol) - $120 mln; 4.Dak Preskott (“Dallas Kowboýs”, amerikan futboly) - $100 mln-dan gowrak; 5.

Lebron Jeýms (“Los-Anjeles Leýkers”, basketbol) - $96,5 mln; 6.Neýmar (“PSŽ”, futbol) - $95 mln; 7.Rojer Federer (tennis) - $90 mln; 8.Lýuis Hemilton (“Mersedes”, Formula-1) - $82 mln; 9.

Tom Bredi (“Tampa-Beý Bakkanirs”, amerikan futboly) - $76 mln; 10.Kewin Dýurant (“Bruklin Nets”, basketbol) - $75 mln.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Konor Makgregor: Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýy mübärek bolsun!