124 Müň 441 Bikanun Immigrant Ýurtdan Çykaryldy

124 Müň 441 Bikanun Immigrant Ýurtdan Çykaryldy

Türkiýede geçen ýyl 124 müň 441 bikanun immigrant ýurtdan çykaryldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, geçen ýyl 280 müň 206 bikanun immigrantyň ýurda girmeginiň öňüniň alynandygy nygtaldy.

Bikanun ýagdaýda ýurda giren 124 müň 441 immigrantyň bolsa ýurtdan çykarlandygy bellenildi.

Ýurtdan çykarlan bikanun immigrantlaryň sany 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 161 göterim artdy.

Beýleki tarapdan Türkiýede häzirki wagtda 3 million 535 müň 898 siriýaly ýaşaýar.

Siriýaly 58 müň 758 adam geçen ýyl meýletin ýagdaýda howpsyz zolaklara yzyna dolandy. Şu günki güne çenli ýurduna dolanan siriýalylaryň sany bolsa 539 müň 332 adama ýetdi.

Geçen ýyl siriýaly 1 million 395 müň 55 adama, şu günki güne çenli bolsa 1 million 549 müň 680 adama bilim berildi.

Ýene degişli makalalar

Nas söwdasyna garşy 'barlyşyksyz göreş' batlanýar, naskeşler we nas söwdagärleri nyşana alynýar
Türkiýe türkmen raýatlary üçin migrasiýa talaplaryny hasam güýçlendirýär
Italiýadaky gaýyk heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy
Owganystanda Terror Guramalarynyň Aksiýalary Artýar
"Türkiýede maşgala gurup, süteme duçar boldum" Türkmen zähmet migrantynyň kyssasy
Täze Ýyldan Bäri Bikanun 5 Müň 466 Immigrant Ýurtdan Çykaryldy