
Italiýanyň ANSA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, gözleg we halas ediş toparlary Stekkato di Kutro etrapçasynyň suw giňişliginde ýene-de bir gyz çaganyň jesedini deňizde tapdy. Şeýlelik bilen ýogalanlaryň sany 67 adama ýetdi.
Wakanyň bolan ýerinde dereksiz ýiten adamlaryň gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Bikanun immigrantlary daşaýan gaýygyň batmadan ozal halas ediş işlerinde gijä galynyp-galynmandygy bilen bagly jedelleşikler bolsa dowam edýär.
Ýewropa Bileleşiginiň serhetlerini goraýan agentlik bolan Fronteks gullugyna degişli uçar tarapyndan 25-nji fewralda agşam anyklanan bosgunlary daşaýan gaýygy Italiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň wakadan ozal näme sebäpli halas ediş operasiýasyny başlatmandygy bilen bagly jedelleşikler dowam edýär.
Fronteks gaýyk bilen bagly habaryň Italiýa berilendigini aýdýan bolsa, Italiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy özlerine hiç hili maglumatyň gelip gowuşmandygyny beýan etdi.
Italiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy mundan başgada kesgitlenilen düzgünlere laýyk ýagdaýda hereket edilendigini habar berdi.