“Rus Goşuny Donesk Frontunda Uly Ýitgi Çekýär”

“Rus Goşuny Donesk Frontunda Uly Ýitgi Çekýär”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Rus goşunynyň Ukrainanyň Donesk frontunda uly ýitgi çekmäge dowam edýändigini öňe sürdi.

Zelenskiý “Frontda ýagdaý agyr” diýdi.

Wladimir Zelenskiý, Telegramdan beren wideo ýüzlenmesinde, 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň dowam edýändigini ýatlatdy.

Ukrainanyň goşunynyň rus hüjümlerini yzyna serpikdirmäge dowam edýändigini ýatladan Zelenskiý “Frontda ýagdaý agyr” diýdi.

Rus goşunynyň Donesk frontunda uly ýitgi çekmäge dowam edýändigini öňe süren Zelenskiý, ukrain güýçleriniň rus güýçleriniň öňe gitmegini bökdeýändigini ýatlatdy.

Russiýanyň Ukraina garşy söweş yglan etmek bilen jenaýat edendigini aýdan Zelenskiý, Russiýanyň ýokary derejeli syýasy we harby ýolbaşçylarynyň kazyýet işine çekilmegi üçin tagalla edýändiklerini belledi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Şolbir Wagtda Iki Frontda Söweşýär
45 ýaşynda karýerasyny tamamlady
Türkmenistan-Eýran serhedindäki Sarahs geçelgesinde ýük awtoulaglaryň gatnawy üç esse artdy
Zelenskiý Russiýanyň Raketaly Hüjümlere Taýýarlyk Görýändigini Öňe Sürdi
ITEA programmirlemegiň esaslaryny öwrenmek boýunça okuwlar barada habar berýär
Ýaponiýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim boldy