ITEA programmirlemegiň esaslaryny öwrenmek boýunça okuwlar barada habar berýär

ITEA programmirlemegiň esaslaryny öwrenmek boýunça okuwlar barada habar berýär

ITEA halkara IT-akademiýasy Iş nokady kompaniýasy bilen bilelikde ähli isleg bildirýänleri başlangyç dereje üçin programmirleme we grafika dizaýny okuwlary boýunça häzirki döwürde uly isleg bildirilýän IT-hünärmeni hünärini ele almaga çagyrýar. Okuwlar noldan başlanýar, talap edilýän ukyplar kompýuterden baş çykarmak we iňlis dilini bilmek.

Isleg bildirýänler üç topara saýlanylýar Grafika dizaýnynyň esaslary, Programmirlemegiň esaslary, HTML/CSS.

Grafika dizaýny boýunça okuwlarda Photoshop we Illustrator ýaly programmalar öwrenilýär. Sapaklar 14-nji noýabrda başlanýar, duşenbe we çarşenbe günleri sagat 18:30-dan 21:30-a çenli dowam edýär.

FrontEnd işläp düzmesini özleşdirmek isleýänlere, ýagny web-sahypanyň görünýän bölegini döretmäge isleg bildirýänlere HTML/CSS öwrenmek boýunça topar gabat gelýär. Okuw 1-nji dekabrda başlanýar, sapaklar duşenbe we penşenbe günleri sagat 18:30-dan 21:30-a çenli dowam edýär.

Programmirlemegiň esaslary toparynda BackEnd web-sahypanyň adaty ulanyja görünmeýän we wezipelerine jogap berýän bölegi öwredilýär.Gündizki toparyň sapaklary 23-nji noýabrda başlanýar, çarşenbe we şenbe günleri sagat 15:30-dan 18:30-a çenli dowam edýär.

Agşamky rus dilindäki toparyň okuwlary 2-nji dekabrda başlanýar, sapaklar duşenbe we anna günleri sagat 18:30-dan 21:30-a çenli dowam edýär.Agşamky türkmen dilindäki toparyň sapaklary 28-nji noýabrda başlanýar, duşenbe we şenbe günleri sagat 18:30-dan 21:30-a çenli dowam edýär.

Arzalar şu telefon belgileri boýunça kabul edilýär: (+993 63) 42 67 51 ýa-da (+993 63) 47 11 92.

Salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow şaýoly (Çehow), Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy, 8-nji gat.

Ýene degişli makalalar

USAID-iň YDA taslamasy Mary şäherinde IT ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlady
USAID-iň YDA taslamasy Mary şäherinde IT ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlady
Rybakina möwsümi jemledi
Turkmenportalyň sungat syny: Leýdi Gaga Jokere ýakynlaşýar
Aşgabatda Döwletgeldi Akyýewiň 50 ýaş ýubileýi mynasybetli şahsy sergisi açyldy
Behişdi bedewleriň waspy