14.06.2017 | Daşoguz welaýatynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler

Ýurdumyz boýunça depgini günsaýyn ýokarlanýan galla oragyna şu gün Daşoguz welaýatynyň daýhanlary hem girişdiler.Daşoguz welaýatynda galla oragyna başlamak hormatyna Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginiň gallaçylary mynasyp boldular. Ýaşulular asyrlaryň dowamynda emele gelen asylly däbe görä Beýik biribardan galla oragynyň üstünlikli geçirilmegini dileg etdiler.

Soňra olar ýaş nesliň gowşuran oraklaryny alyp, “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen oraga ak pata berdiler hem-de nobaty kombaýnçylara geçirdiler.

Ýene degişli makalalar

12.07.2017 | Gadymy Merw britan “Bütindünýä arheologiýasy” žurnalynyň nobatdaky sanynyň mowzugy
Türkmenistandan Stambula pul çekmäge gelen zenanlar saklandy
Türkmenistandan Türkiýä baryp, bankyň öňünde urşan aýallar tutuldy
Britan žurnaly Gadymy Merwiň şäher gurluşygyndaky täzeçilligi barada gürrüň berýär