Daşoguz welaýatynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi

Daşoguz welaýatynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary galla oragy möwsümine ajaýyp netije gazanmak umydy bilen başladylar.Sebitiň durnukly bugdaý öndürijileriniň biri bolan Görogly etrabynyň daýhanlary her ýyl bol galla hasylyny öndürýärler. Şu ýyl sebitde galla oragy möwsümine ýene-de şu etrabyň Aksaraý daýhan birleşiginde başlanmagy tötänden däldir.

Bu ýerde galla ekini müň gektardan gowrak meýdany eýeleýär, ýerli daýhanlar bolsa ondan iki müň tonnadan gowrak hasyl almagy meýilleşdirýärler.Bu hojalykda on dört gektar ýerde bugdaý ösdürip ýetişdirýän G.Jepbarow ýaly tejribeli gallaçylar adatça her gektardan göz öňünde tutanlaryndan has ýokary hasyl alýarlar.

Hünärmenleriň pikiriçe, sebitde gowy bugdaý hasyly ösdürilip ýetişdirilipdir.Onuň esasyny ýerli şertlere laýyk gelýändigi subut edilen Alekseýewiç we Bezostaýa-100 ýaly ýokary hasylly görnüşler düzýär.Bu görnüşler ýokary hasylly bolmak bilen, dürli kesellere garşy çydamlydyr, şol sanda ýatmaýar we zaýalanman saklanýar, şeýle hem onuň ajaýyp üwelme häsiýeti bar.

Oýlanyşykly guramaçylyk çäreleriniň netijesinde ýerli daýhanlar indi galla oragy möwsümini çalt tamamlamakçy we tutuş hasyly ýitgisiz ýygnamakçy. Ýygyma ýokary öndürijilikli ýüzlerçe döwrebap kombaýn gatnaşar we däne daşamak üçin ýeterlik mukdarda ulag ulanylar.

Däne saklamak we soňra gaýtadan işläp, taýýar önüm almak üçin welaýatyň hünärmenleriniň ýöriteleşdirilen giň desgalary, şol sanda üç sany ýokary kuwwatly degirmen we ýedi sany däne elewatory bar, olaryň köpüsi birbada 50 müň tonna çenli däne saklap we arassalap bilýär, bu bolsa ýerli bugdaý öndürijilerini indiki ekiş üçin ýeterlik tohum bilen üpjün edýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatynyň gallaçylary şu ýyl bol hasyl almagy maksat edinýärler
Gallam bar gaznam bar
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Ahal welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlara ýokary derejede ideg edilýär
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi