Ahal welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlara ýokary derejede ideg edilýär

Ahal welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlara ýokary derejede ideg edilýär

Ahal welaýatynyň oba zähmetkeşleri şu ýyl 195 müň gektar ýerde guşgursak ak bugdaýyň 400 müň tonnasyny öndürmegi meýilleşdirýärler. Häzirki günlerde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaşajyk bugdaý maýsalaryna edilýän ideg işleri daýhan yhlasynyň ýerine düşjekdigine ynamy artdyrýar diýlip, Türkmenistan gazetinde çap edilen habarda bellenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň ondan bol hasyl almagyň esasy şertidigine oňat düşünýän daýhanlar häzirki meýdan işlerini ýörite meýilnama esasynda alyp barýarlar. Ideg işleriniň hili ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar.

Bugdaýa ideg işlerinde welaýatyň Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynyň gallaçy daýhanlarynyň çekýän asylly zähmeti görelde alarlykdyr. Degişlilikde, 10100 we 26 müň gektarda bugdaý ýetişdirýän bu etraplaryň oba zähmetkeşleri ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde, şeýle-de beýleki wajyp agrotehniki çärelerini talabalaýyk alyp barmakda tutanýerlilik görkezýärler.

Welaýatyň aýry-aýry daýhan hojalyklarynda bugdaýyň Russiýadan getirilen Alekseiç, Bezostaýa — 100 ýaly görnüşleri ekilip, göwnejaý gögeriş gazanylypdyr. Olarda ekine ideg işleri has-da guramaçylykly ýola goýlupdyr.

Ýene degişli makalalar

Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Mask dünýäniň iň baý adamlaryň sanawyndaky ornuny gaýdyp aldy
"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Russiýadan getirilen bugdaý tohumlaryndan ýokary hasyl ýetişdi
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Mask ýene-de baý boldy