Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi

Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi

Amerikaly aýdymçy zenan Teýlor Swift ilkinji gezek Forbes žurnaly tarapyndan çap edilen milliarderleriň sanawyna girdi, ol sanawda 2545-nji orny eýeledi diýip, MIR 24 ýazýar.

Neşiriň habaryna görä, pop-aýdymçynyň mirasy 1,1 milliard dollar bahalanýar, ol 2023-nji ýylda Eras çykyşlar saparynyň hem-de aýdym-sazlarynyň sanynyň artmagynyň arkasyndan milliard dollar gazanmagy başardy.

Swift öz aýdymlarynyň we çykyşlarynyň hasabyna sanawa giren ilkinji sazandadyr diýip, Forbes ýazýar.

Milliarderleriň sanawynyň başyny Bernar Aro we onuň maşgalasy çekýär, Ondan soňra Jeff Bezos, Ilon Mask ýerleşýär. Dünýäde iň baý zenan fransiýaly Fransuaza Bettankur-Maýers bolup, ol sanawda 15-nji ýerden orun aldy.

Ýene degişli makalalar

"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Forbes dünýäniň iň baý adamlary
Forbes iň baý adamlary
Dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygy ýylda 1,9 trillion dollar artdy
Dünýä habarlary gysga setirlerde