Forbes dünýäniň iň baý mirasdüşerlerini yglan etdi

Forbes dünýäniň iň baý mirasdüşerlerini yglan etdi

Hindistanly 66 ýaşly telekeçi Mukeş Ambani Forbes žurnaly tarapyndan dünýäde iň baý mirasdüşer diýlip yglan edildi. Onuň işewürligi nebithimiýa, nebitgaz, aragatnaşyk we söwda pudaklaryny öz içine alýar. Ambaniniň emlägi 116 milliard dollar bahalanýar diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Mukeş we onuň dogany Anil mirasy 2002-nji ýylda öz kakalary Dhirubhaý Ambaniden aldylar. Soňra Anil öz kompaniýalarynyň batmagy bilen baglylykda, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyndan çykdy.

Sanawda ikinji orunda 70 ýaşly fransuz zenany Fransuaza Betankur-Maýers 99,5 mlrd dollar bilen ýerleşdi, oňa L'Oréal kompaniýasynyň paýnamalarynyň 33 göterimi degişlidir.

Sanawyň ilkinji üçlügini Jim Uolton jemledi, 75 ýaşly amerikaly Walmart kompaniýasynyň 12 göterim paýnamalaryna eýelik edýär we Arvest maşgala bankyny dolandyrýar. Onuň emlägi 78,4 mlrd dollar bahalanýar.

Ýene degişli makalalar

"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
2019-njy ýylda tapylan jandarlar
20.05.2020 | Türkmenistanyň we Kanadanyň hem-de Türkmenistanyň we Italiýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Wise-premýer R. Meredow Kanadanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy we Italiýanyň DIM-niň wekili bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi
Türkmen ýolbaşçylary COVID-19 BMG, Italiýa we Kanada bilen maslahat edýar, güýç edaralary pandemiýa şertinde işlemegi öwrenýär