Wise-premýer R. Meredow Kanadanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy we Italiýanyň DIM-niň wekili bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi

20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kanadanyň Daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.Söhbetdeşligiň barşynda taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we onuň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri barada pikir alyşdylar.

Bu babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen utgaşykly hereketleri amala aşyrmaga özara derejede taýýardyklary barada nygtaldy. Şeýle hem pandemiýanyň ykdysady we durmuş çäklerdäki netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu babatda häzirki zaman wehimlerine garşy çalt we netijeli gaýtawul bermekde dünýä jemgyýetçiliginiň hemmetaraplaýyn özara goldawyny güýçlendirmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary şeýle-de türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatiki we medeni çäklerindäki ýagdaýyny hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Kanadanyň halkara giňişliginde, aýratyn hem bu iki dostlukly döwletiň özara goldawyň we düşünişmegiň saldamly tejribesini toplan ugry bolan BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy.

Ýene degişli makalalar

2019-njy ýylda tapylan jandarlar
20.05.2020 | Türkmenistanyň we Kanadanyň hem-de Türkmenistanyň we Italiýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen ýolbaşçylary COVID-19 BMG, Italiýa we Kanada bilen maslahat edýar, güýç edaralary pandemiýa şertinde işlemegi öwrenýär
Dünýäniň iň baý aýaly
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Fransiýanyň Ilçisi Fransua Delaus ýurdumyzda diplomatik wezipesini tamamlaýar