Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow ýurdumyzda diplomatik wezipesini tamamlaýan Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Fransua Delaus bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçä ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Fransiýanyň Ilçisi, öz gezeginde, işlemegi üçin döredilen mümkinçilikler we diplomatik wezipesini ýerine ýetirmäge ýardamy üçin ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet we ylym-bilim ulgamlarynda döwletara gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar gurluşyk, oba hojalygy, kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen bilelikdäki arheologik barlaglary dowam etmegiň wajyplygyny bellediler.
Duşuşygň ahyrynda ilçi Fransua Delaus ýene bir gezek Türkmenistanyň Hökümetine we Daşary işler ministrligine hemmetaraplaýyn goldawy hem-de iki ýurduň arasynda köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen diplomatik wezipesinde berlen ýardam üçin hoşallyk bildirdi.
