14.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti UNKTAD-yň Baş sekretaryny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary jenap Muhisa Kituýini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň tutuş türkmen halkyna aýdan abadançylyk we gülläp ösüş baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi.Billenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Bitarap Türkmenistana ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garaýar we türkmen tarapynyň sebitara, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak babatda eýeleýän oňyn ornuna ýokary baha berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Muhisa Kituýe minnetdarlyk bildirip, oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, giň netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň tarapdarydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan gatnaşyklaryň strategiki häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. ÝUNKTAD-nyň Baş sekretarynyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler netijesinde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Muhisa Kituýi gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine çuňňur gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, ägirt uly tebigy baýlyklara, nebitiň we gazyň bimöçber gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ýurdy senagatlaşdyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikler gazanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, düýn ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Hususan-da, şol resminamada maýa goýumlary höweslendirmek, gümrük gullugyny hem-de ulag we aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi bilen baglanyşykly meseleleriň öwrenilmegine goldaw bermek ýaly möhüm üç ugur kesgitlenildi.

Myhman ÝUNKTAD bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ýurdumyzda gümrük gullugyna häzirkizaman elektron ulgamyny ornaşdyrmak we onuň üpjünçiligini ýola goýmak, şeýle hem sebitleýin ulag düzümini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Owganystan boýunça Aşgabatda geçirilýän 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň giňeldilmegine ägirt uly goldaw berýändigi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy üçin maýa goýum serişdelerini gönükdirýändigi bellenildi. Şeýle hem owgan ýaşlaryny okatmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda hem ägirt uly goldaw berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we ÝUNKTAD-nyň Baş sekretary Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan hem-da ählumumy abadançylyga we gülläp ösüşe ýardam bermegi baş maksat edinýän netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

ÝUNKTAD Türkiýe Boýunça Ukdysady Ösüş Çaklamasyny Ýokarlandyrdy
BMG-niň hasabatyna görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi 3.3 %, ýöne çeşmeler munuň has ýokarydygyny aýdýar
06.12.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
06.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy
13.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar