14 ýaşynda uniwersitetden uçurym boldy: “Space X”-de işe başlaýar

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýaşaýan 14 ýaşly Kairan Kuazi atly ýetginjek Santa Klara uniwersitetini tamamlady. “The Guardian” neşiriniň habaryna görä, Kuazi bu okuw mekdebiniň iň ýaş uçurymy bolar.

Oglanjyk entek iki ýaşynda wagty doly many aňladýan sözlem düzüp, gepläp bilipdir. Şonda maşgalasy onuň deň-duşlaryndan has üşüklidigine göz ýetiripdirler.Kuazi uçurym bolmagyna az wagt galanda, “Space X” kompaniýasyna işe girmek üçin ýüz tutupdyr.

Geçirilen söhbetdeşlikde işe kabul edilen Kuaziniň inžener bolup zähmet çekjekdigi we kosmos pudagynda iş alyp barýan kompaniýanyň i ýaş işgäri boljakdygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky tebigy apatlarda ýogalan adamlaryň sany artdy
Germaniýadan deportasiýa edilýänleriň sany artýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞDY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
Tramp Bikanun Immigrantlara Berilýän Kömekleriň Bes Edilmegi Hakyndaky Kararnamalara Gol Çekdi
Panama Hytaýyň "Bir guşak, bir ýol" taslamasyndan çekilýär