ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky tebigy apatlarda ýogalan adamlaryň sany artdy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky tebigy apatlarda ýogalan adamlaryň sany artdy

Milli metbugatda berilen habarlara görä, resmiler 34 million adamyň sil apaty howpunyň astyndadygyny habar berdiler.

Adam pidalaryna esasan hem ýaramaz howa şertleri sebäpli emele gelen ulag heläkçilikleriniň, agaçlaryň ýykylmagynyň we sil apatlarynyň sebäp bolandygyny aýdan resmiler, ulagy sil suwuna gapylan bir zenanyň golaýdaky adamlar tarapyndan halas edilendigini, emma zenanyň 5 ýaşyndaky çagasynyň bolsa sil apatynda ýogalandygyny mälim etdiler.

San-Luis-Obispo sebitiniň şerifi Toni Çipolla, dereksiz ýiten adamlaryň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini beýan etdiler.

Santa Kruz sebitinde takmynan 32 müň adam, Santa Barbara sebitinde bolsa 10 müň adam, sil apaty we ýer süýşgünleri howpy sebäpli ewakuasiýa edildi.

Ştatyň gündogar böleginde bolsa 2 metr galyňlygynda gar ýagdy, daglaryň töweregindäki esasy ýollaryň harsaň howpy sebäpli ulaglara ýapylandygy aýan edildi.

Santa Klara sebitinde takmynan 225 müň öýüň we iş ýeriniň elektrik toksuz galandygy beýan edildi.

Milli Meteorologiýa gullugy sebitdäki ýaramaz howa şertleriniň dowam etjekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

14 ýaşynda uniwersitetden uçurym boldy: “Space X”-de işe başlaýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kolumbiýada 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň 67 sany ýeňijisi sylaglandy, Russiýa Federasiýasnyň Aşgabatdaky ilçihanasy Russiýanyň güni mynasybetli kabul edişlik geçirdi we beýleki habarlar
Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary
Hindistanyň ykdysadyýeti 2075-nji ýylda ABŞ-dan öňe geçer