ÝAŞ SAZANDALARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIKLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI

ÝAŞ SAZANDALARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIKLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynda Täze ýyl sowgady atly baýramçylyk konserti geçirildi.Oňa dürli mekdepleriň zehinli okuwçylary gatnaşdylar.Konsertiň dowamynda ýaş sazandalar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, kompozitor Şemşat Amannepesowanyň halypalyk etmeginde dünýä mirasynyň altyn gaznasyna giren türkmen we daşary ýurtlaryň meşhur eserlerini ýerine ýetirdiler. Ýaş sazandalar ýekelikde we duet görnüşinde W.A.Mosart, I.S.Bah, L.W.Bethowen, N.Halmämmedow, Ý.Sibelius, G.W.Swiridow, K.A.Debýussi ýaly dünýä belli kompozitorlaryň rok-n-roll, jaz, regtaým, bugi-wugi, blýuz saz stilindäki eserlerini fortepiano saz guralynda ussatlarça ýerine ýetirip, diňleýjileriniň çäksiz alkyşlaryna mynasyp bolmagy başardylar. Ýaş sazandalaryň muşdaklarynyň ritme goşulyp, şowhunly el çarpyşmalary bilen olara ýakyndan goldaw bermegi konsertiň täsirini has-da artdyrdy.

Konsertde Täze ýylyň esasy sazlary hökmünde dünýä ýüzünde tanalýan Merry Christmas, Santa Klaus, Carol of the bells şeýle-de Latwiýanyň halk artisti, kompozitor, dirižýor Raýmond Paulsyň artist Çarli Çapline bagyşlap ýazan Çarli meşhur aýdym-sazlary ýaňlandy.

Konsertiň aýratyn bellemeli tarapy hem, fortepianoda seýrek ýerine ýetirilýän häzirki zaman, şowhunly sazlarynyň ýaňlanyp, saz muşdaklarynyň hakyky Täze ýyl sowgadyna öwrülmegidir.

Bäsleşik görnüşinde geçirilen dabarada Aýşa Baýramalyýewanyň, Aýnur Geldimyradowanyň, 1 ýyldan bäri fortepiana bilen meşgullanýan 7 ýaşlyja Medine Gylyjowanyň çykyşlary emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Konsertiň ahyrynda aýratyn tapawutlanyp çykyş eden mekdep okuwçylaryna Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa sapara çagyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
Mahaçew Wolkanowskini 3 minutda ýere serdi
Iňlis Şasy Türkiýe Respublikasynyň 100 Ýaşy Bilen Gutlady
Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçiriler, Türkmenistan 2024-nji ýylyň aprelinde Parižde maýa goýum forumyny geçirer, Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we beýleki habarl