Mahaçew Wolkanowskini 3 minutda ýere serdi

UFC 294 MMA duşuşyklarynda russiýaly Islam Mahaçew awstraliýaly garşydaşyny ýene bir ýola ýeňlişe sezewar etdi.BAE-niň paýtagty Abu-Dabide geçirilen garşyşy söweş sungaty duşuşyklary agşamynda ýeňil agramda tutluşan Mahaçew bilen Wolkanowskiniň duşuşygy uzak wagtlap dowam etmedi.

Entek 1-nji raundda, ýaňy 3 minut 6 sekunt geçen emin duşuşygy saklap, Mahaçewiň nokaut bilen ýeňiş gazanandygyny mälim etdi.

Şunlukda, Mahaçew rewanş tutluşygynda-da Aleksander Wolkanowskiden üstün çykmagy başardy.

Islam Mahaçew UFC-niň taryhynda reýtingdäki öňdebaryjy 3 urşujyny yzly-yzlyna geçirilen duşuşyklarda ýeňmegi başaran ilkinji türgen boldy. Ol geçen ýylyň oktýabrynda Çarlz Oliweýrany, ýylyň başynda Wolkanowskini we ýene-de Wolkanowskini ýeňlişe sezewar etdi.

UFC-niň prezidenti Dana Waýtyň habar bermegine görä, Mahaçewiň indiki garşydaşy Çarlz Oliweýra bolar. Rewanş tutluşygynyň wagty häzirlikçe belli däl.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl gijesi Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglary sagat 2:00-a çenli işlär, Putin we Berdimuhamedow GDA sammitinde duşuşdylar, AŞTU abonentlere aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri öz wagtynda tölemelidigini ýatlatdy we beýleki habarlar
UFC-niň ýolbaşçysy: Mahaçew bilen Wolkanowskiniň arasynda haklaşyk tutluşygy geçiriler
Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär
Mahaçew bilen Ýan UFC 280-däki çykyşlary üçin bonus hökmünde $50 müň aldylar
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy