Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mongoliýa sapar bilen barmaga çagyrylýar. Bu barada Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar. Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlag hatynda Mongoliýanyň Prezidenti:
Şeýle-de mongol halkynyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen dostlukly ýagdaýda 2022-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda hem-de 2023-nji ýylda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Çarlz III-ä täç geýdirmek dabarasy mahalynda duşuşandygyny, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada netijeli pikir alyşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny nygtaýar.
