Täç geýdiriş dabarasy geçiriler

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III täç geýdiriş dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda – ejesi Ýelizaweta II aradan çykandan sekiz aý töweregi wagt soň geçiriler. Bukingem köşgüniň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan beýanata görä, monarha Westminster abbatlygynda täç geýdiriler.

“Westminster abbatlygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän täç geýdiriş dabarasy arhiepiskop Kanterberi tarapyndan Londonda guralar.Dabaranyň dowamynda Patyşanyň aýaly Şa zenany konsort (Kamilla) hem täç geýdiriler.Täç geýdirilmegi monarhiýanyň biziň günlerimizdäki ähmiýetini we geljege bolan garaýşyny ýüze çykaryp, öňden bäri dowam edip gelýän däp-dessurlara esaslanar.

Karl III täç geýdiriliş dabarasynda däp-dessurlaryň görkezýän esasy aýratynlyklaryň ählisi berjaý ediler diýlip garaşylýar.

Britan tagtynyň mirasdüşeri öňki monarh aradan çykanda Patyşa bolýar, ýöne birnäçe aýdan soň – matam gutarandan soň täç geýdirilýär. Ýelizaweta II 1953-nji ýylyň 2-nji iýunynda kakasy Georg VI (1895-1952) aradan çykandan bir ýarym ýyl töweregi wagt soň täç geýdirildi. Şu ýylyň ahyryna çenli Karl II dini we simwoliki häsiýete eýe bolan dabaranyň wagty barada yglannama gol çekmegine garaşylýar. 1066-njy ýyldan başlap, iňlis Patyşalary hemişe diýen ýaly Kanterberiniň arhiepiskopy tarapyndan täç geýdirilip, monarha ak pata berlipdir.

Karl III täç geýdirilende 74 ýaşynda bolar. Ýurtda rekord derejede 70 ýyl 7 aý tagtda oturan Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda Şotlandiýanyň Balmoral galasynda aradan çykdy. Şa zenan 19-njy sentýabrda Windsor galasynyň meýdançasyndaky Georg VI buthanasynda jaýlandy.

Uelsk şazadasy Çarlz Ýelizaweta II aradan çykandan soň täze monarh boldy. 8-nji sentýabrda onuň Karl III diýen tagt adyny alandygy belli boldy.

Ýene degişli makalalar

Täç geýdiriliş dabarasy guralar
Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Karl III telewideniýe arkaly halka ýüzlendi
Karl III atlaryň satuwyndan 1 million funt sterling gazandy