Karl III atlaryň satuwyndan 1 million funt sterling gazandy

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III merhum ejesi – Şa zenan Ýelizaweta II atlaryny satyp, 1 million funt sterlingden gowrak girdeji gazandy. Bu barada “The Sun” gazeti habar berdi.

Karl III ejesiniň on dört atyny Nýumarketdäki “Tattersalls” auksionyna çykardy. Satuwlaryň patyşa umumy 1,075 million funt sterling getirendigi, her atyň ortaça 75 müň funt sterlingden satylandygy habar berilýär. Ýelizaweta II ogly Çarlz III, ejesiniň ölüminden iki gün öň Gudwud ýaryşynda ýeňiji bolan “Love Affairs” lakamly atyny hem miras alypdy.

Monarh Patyşa athanasyndaky atlaryň sanyny azaltsa-da sportuň bu görnüşiniň öz maşgalasynda hemişelik galjakdygyny wada berdi.

Ýene degişli makalalar

Karl III şa aýal Ýelizawetanyň atlarynyň satuwyndan 1 million ýewro gazandy
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy
Täç geýdiriş dabarasy geçiriler
Täç geýdiriliş dabarasy guralar
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi