Karl III şa aýal Ýelizawetanyň atlarynyň satuwyndan 1 million ýewro gazandy

Karl III şa aýal Ýelizawetanyň atlarynyň satuwyndan 1 million ýewro gazandy

The Sun gazeti Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III merhum şa aýal Ýelizaweta II söýgüli atlaryny satyp, 1 million ýewrodan gowrak girdeji gazanandygyny habar berdi.

Karl III öz merhum ejesiniň on dört atyny Nýumarketdäki Tattersalls auksionyna çykardy, olaryň arasynda Gudwudda geçen soňky at çapyşyklarynda ýeňiji bolan Love Affairs lakamly çapuw aty hem bar. Satuwlaryň patyşa umumy 1,075 million ýewro getirendigi, her atyň ortaça 75 müň ýewrodan satylandygy habar berilýär.

Atçylyk sportyna Patyşa maşgalasynda hemişe-de aýratyn üns berilýärdi. Karl III şonuň üçin bu sportuň Patyşa maşgalasynda ýeneki ýyllarda-da dowam etdiriljekdigini aýtdy diýip, Rambler.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Karl III atlaryň satuwyndan 1 million funt sterling gazandy
Beýik Britaniýada patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze pul çykarylar
Amerikaly aýdymçy Bobbi Storm uçarda gopgun turuzdy
Çarwadarlaryň Oskary
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
“Tomb Raider 2” filminiň režissýory belli boldy