Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy

Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy

Beýik Britaniýanyň tagt şazadasy Garriniň köp garaşylan ýatlamalar kitaby 2023-nji ýylyň ýanwarynda okyjylara gowşar diýip, Page Six neşirine salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

Kitap 2022-nji ýylyň noýabrynda çap edilmelidi, emma Şa aýal Ýelizaweta II aradan çykansoň, onuň möhleti yza süýşürildi. Indi kitabyň çap ediljek senesi belli boldy.

Şazada Garri öz ýatlamalarynda çagalygy, ejesi şa zenany Diana, ene-atasynyň aýrylyşmagy, şeýle-de kakasy Çarlz, dogany Uilýam hem-de öweý enesi Kamilla bilen gatnaşyklary barada gürrüň berer diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Iň köp kitap okalýan ýurtlar
Kitap barada täsin maglumatlar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
Los-Anjelesde Gremmi baýraklary gowşuryldy
Italiýada Merih Demiral tarapyndan başladylan kampaniýa çalt depginler bilen ösýär