Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar

Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi Keýt Middltony özleri üçin Patyşa maşgalasynyň iň söýgüli agzasy hökmünde agzadylar diýip, Daily Mail neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar. Şunlukda, Uels şa zenany öz adamsy şazada Uilýamyň ornuny eýeledi, şazadany köp wagt bäri ýurduň ýaşaýjylary özleriniň iň hormat goýýan Patyşa maşgalasynyň agzasy hasaplaýardylar. Häzir oňa raýatlaryň 62 göterimi hoşamaýlyk duýgusy bilen garaýar.

Emma şazada Garri we onuň aýaly Megan Markl üçin welin, britanlaryň pikiri soraşylanlarynyň diňe 29 göterimi ses berdi. Patyşa maşgalasynyň iň halanyp barylmaýan agzasy bolsa şazada Endrýu ekeni. Oňa pikir soralyşyga gatnaşanlaryň bary-ýogy 14 göterimi ses berdi.

Daily Mail neşiri Keýt Middltonyň abraýynyň artmagynyň sebäbini onuň keseli bilen baglaýar. Şa gelin bir aý mundan öň düwnükden bejergi alýandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar
Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Ulularyň ýarysyndan gowragy tümlükden gorkýar
Tesla zawodynda robot adama hüjüm etdi
Dünýäde iri buzdag 37 ýylda ilkinji gezek herekete geldi