Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar

Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar

2023-nji ýylda Merkezi Aziýadan bolan 50 müňden gowrak adam Birleşen Ştatlara bikanun girdi diýip, Birleşen Ştatlaryň Montana ştatynyň respublikan senatory Stiw Deýns (Steve Daines) 12-nji martda geçiren metugat ýygnagynda Merkezi Aziýadan bolan bir “ýokary wezipeli emeldara” salgylanyp gürrüň berdi. Bu barada Britaniýanyň Daily Mail neşiri habar berýär.

ABŞ-da gaçybatalga ýüz tutmalary boýunça kazyýet diňlenişiklerine esewan edýän Transaksiýa ýazgylarynyň seljeriş merkeziniň (TRAC) maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan azyndan 40 müň adam Birleşen Ştatlarda gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar. Şolardan iki müň adam Türkmenistanyň raýatlarydyr.

Şeýle-de, 17 müň özbegistanly, 7 müň gyrgyzystanly, 3 müň täjigistanly we 2 müň 700 gazagystanly hem kazyýet diňlenişigine garaşýar.

ABŞ senatorynyň Merkezi Aziýadan bolan ýokary wezipeli çeşmesi ýurduň çäginde bolup biljek terror hüjümi ähtimallygy barada alada bildirýär. Deýns bu migrantlary ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna wehim hasaplaýar.

Soňky ýyllarda merkezi aziýalylaryň Meksika bilen aradaky serhetden Birleşen Ştatlara bikanun girmegi bilen bagly habarlar has köp peýda bolýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy geçen tomusda Meksikadan Birleşen Ştatlara bikanun girýän özbegistanlylaryň yzyny çaldy. Derňew maglumatlary Merkezi Aziýadan Meksika, ol ýerden Birleşen Ştatlara çenli uzaýan howp-hatarly ýollaryň hupbatlaryny we töwekgelçiliklerini açyp görkezdi.

Derňew maglumatlaryna görä, Daşkent, Duşenbe, Bişkek ýa-da Almatydan ýola çykýan ýolagçylaryň ABŞ syýahaty köplenç Stambuldan başlanýar. Migrantlar ol ýerden Ýewropa paýtagtlaryna, esasan Ispaniýa uçýarlar. Ýewropadan Latyn Amerikasyna uzaýan howp-hatarly syýahat ABŞ-Meksika serhedinde tamamlanýar we ol ýerden Birleşen Ştatlaryň çägine bikanun girilýär.

Şeýle syýahaty saýlap alýan birnäçe türkmenistanlynyň tejribeleri Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

Türkmen maşgalasy hem edil özbegistanlylar ýaly ilkibaşda Stambuldan bir ýewropa şäherine barýar, ol ýerden Meksika aşmagy başarýar. Olar Meksikadan Birleşen Ştatlaryň çägine bikanun girýärler we ol ýerde bikanun migrantlar üçin ýörite lagerlere ýerleşdirilýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda iş, eklenç we has oňat ýaşaýyş şertleriniň gözleginde daşary ýurt döwletlerine çykmaga isleg bildirýän adamlaryň köp bolmagynda galýandygyny, migrasiýa edaralarynda pasport nobatlarynyň uzaýandygyny habar berýärler.

Soňky ýyllarda Birleşen Ştatlaryň Green Card lotereýasyny utýan türkmenistanlylaryň sany hem artýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň web sahypasyna görä, 2023-nji ýylda ABŞ-nyň Green Card lotereýasyny utan türkmenistanlylaryň sany 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 14 esse artdy. Resmi sanlara görä, 2016-njy ýylda 91 türkmenistanly Amerikada hemişelik ýaşamaga hukuk gazanan bolsa, 2023-nji ýylda bu san 1313 adama baryp ýetdi. Azatlyk Radiosy bu barada awgust aýynda maglumat berdi.

Ýerli habarçylarymyz oktýabr aýynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Birleşen Ştatlaryň Green Card lotereýasyna anketa doldurýan raýatlaryň sanynyň artandygyny habar berdiler.

ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda halk içinde “ýaşyl kart” lotereýasy diýilýän programma arkaly daşary ýurt raýatlaryna amerikan ýaşaýyş durumyny almak mümkinçiligini döredýär. Ýylda bir gezek gurnalýan diwersifikasiýa bije utuşlaryna gatnaşyjylar ýörite anketany online görnüşde dolduryp iberýärler.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň raýatlary Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň üsti bilen Birleşen Ştatlara wiza açdyrýarlar. ABŞ-a wiza arkaly girýän türkmenistanlylar ýurduň çäginde kanuny esasda bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy
BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi, Ukraina-Russiýa Krizisini Ara Alyp Maslahatlaşar
Italiýada kinoteatrlarda iýip-içmek gadagan edildi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi
Mugallymlar institutynyň studentlerine sosial ulgamlara girmek we ABŞ-nyň “Ýaşyl kard” lotereýasyna gatnaşmak gadagan edilýär
Hytaý suw joşmalaryndan ejir çekýär