Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric World University Ranking ulgamynda hasaba alyndy

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric World University Ranking ulgamynda hasaba alyndy

UI GreenMetric World University Ranking ulgamy dünýädäki uniwersitetleriniň daşky gurşawy goramak, energiýa, howanyň üýtgemegi, galyndylary dolandyrmak, ulag we durnuklylyk boýunça bitirýän işlerini bahalandyrdy.

Bu ýyl bu reýtinge dünýä ýüzündäki dürli döwletlerden 1183 sany uniwersitet hasaba alnyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem 432-nji orny eýelemegi başardy. Bu bolsa, geçen ýylky gazanylan netije bilen deňeşdirilende, 200-den gowrak dereje ýokarlanandygyny görkezýär.

UI GreenMetric World University Ranking durnuklylyk we ekologik aň barada habardarlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär.Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň reýtingdäki umumy baly bu ýylda 5220-den 6660-a çenli ýokarlandy, aýratyn kategoriýalar boýunça hem gowy netijeleri gazandy, ýagny gurluş we infrastruktura boýunça 1000-den 1150-e, energetika we howanyň üýtgemegi boýunça 995-den 1285-e, galyndylarda 450-den 1050-e, suwda 400-den 700-e, bilim we gözleg kategoriýalarynda 975-den 1075-e çenli ballara ýetdi.

Habar berlişi ýaly, mundan başga-da Türkmenistanyň 8 sany ýokary okuw mekdebi bu reýtingde ýer almagy başardy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bolsa netije boýunça bu ýokary okuw jaýlarynyň arasynda hem birinji ýerde durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Türkmen uniwersiteti UI Green Metric Bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň sanawyna goşuldy
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty THE World University Rankings-2024 görkezijisiniň 20-nji neşirine girdi