Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi

Ýokary okuw mekdepleriniň işine baha berýän QS World University Ranking sanawy taýýar edildi.Mundan ozal Times Higher Education ady bilen belli bolan sanawyň 2021-nji ýyl üçin taýýarlanan nusgasyna uniwersitetler, institutlar, kollejler we beýleki ylmy-barlag merkezleri girizilipdir.

Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän reýting edarasynyň sanawynda ilkinji orny ABŞ-nyň Massaçusets Tehnologiýa Instituty eýeläpdir.Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Stenford hem-de Garward uniwersitetleri aldy.Dördünji ýeri Kaliforniýanyň Tehnologiýa instituty, bäşinji ýeri Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersiteti eýeledi. Şweýsariýanyň federal tehnologiýa instituty altynjy, Beýik Britaniýanyň Kembrij uniwersiteti ýedinji orna mynasyp boldy.

Londonyň patyşalyk kolleji, Çikago uniwersiteti hem-de Londonyň uniwersitet kolleji ilkinji onlugyň soňky basgançaklaryny eýeledi.

Merjen Bäşimowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

The post Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi
Daşary ýurt diplomlary barada türkmen metbugaty ahyrsoňy dil açýar, Bilim ministrligi täze düzgüni düşündirýär
Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek ÝOJ-laryň sanawy
2023-nji ýyl üçin Türkmenistanda diplomlary ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawy çap edildi