Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň The World University Rankings sanawyna girmegi başardy. Bu barada MIR 24 habar berýär. Türkmen ýokary okuw mekdebi bu ýokary netijäni hereket edip başlanyndan soň, bary-ýogy üç ýylyň dowamynda gazandy.

Uniwersitetleriň ählumumy reýtingi ýokary bilim hakynda abraýly britan neşiri tarapyndan neşir edilýär. Sanawda, adatça, Oksford, Garward, Prinston uniwersitetleri öňdeligi eýeleýär. Ýokary okuw mekdebiniň umumy netijesi bäş sany görkezijiniň esasynda: bilim, barlaglar, salgylanmak, senagatdan girdejileri we halkara utgaşygy esasynda toplanylýar. Belläp geçsek, türkmen ýokary okuw mekdebinda 21 ugur boýunça hünärmen taýýarlanylýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gowy okuw mekdepleri
Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi
Öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleri
Daşary ýurt diplomlary barada türkmen metbugaty ahyrsoňy dil açýar, Bilim ministrligi täze düzgüni düşündirýär