Öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri

/* custom css */ .td_uid_19_60c2a9dfdcb67_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60c2a9dfdcb67_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 QS Quacquarelli Symonds ylmy-barlag maslahat beriş merkezi tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi.

QS World University Rankings 2022 atly sanaw köp ýyldan bäri taýýarlanýar.Sanawa müňden gowrak uniwersitetler, institutlar we beýleki ylmy-barlag merkezleri girizilipdir.Sanaw düzülende halkara ylmy edebiýata goşandy, iş berijiniň meşhurlygy, talyplaryň we diňleýjileriň mugallymlar bilen gatnaşygy, halkara ylmy işgärleriň paýy we daşary ýurtly talyplaryň paýy ýaly ölçegler nazarda tutulýar. Şoňa görä-de, 10 ýyldan bäri öňdeligi ABŞ-nyň Massaçusets tehnologiýa uniwersiteti eýeläp gelýär. Şeýle hem öňdäki 3 orunda ABŞ-nyň hem-de Beýik Britaniýanyň uniwersiteleri bar.

Ikinji orunda Oksford, üçünji orunda bolsa Stenford we Kembrij uniwersitetleri durýar.Garward uniwersiteti 5-nji, Kaliforniýa tehnologiýa instituty 6-njy orny eýeledi. 7-nji orny Londonyň Imper kolleži eýelän bolsa, 8-nji orny Sýurihiň ýokary tehniki mekdebi bilen Londonyň uniwersitet kolleji paýlaşdy.

Ilkinji onlukda Çikago uniwersiteti hem öz ornuny aldy.Nedir ATAÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi
Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi
Dünýäniň iň gowy okuw mekdepleri
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýaşlarynyň 2021-nji ýylda Türkiýäniň 43 ýokary okuw mekdebine okuwa girip biljekdigini tassyklady
Dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň täze sanawy: onda Russiýanyň ÝOM-larynyň 48-si bar