"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler

"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler

15-nji dekabrda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde "Broadway. Dowamy” konserti geçirildi. Bu paýtagtyň tomaşaçylarynyň Broadway klassyklaryndan, ajaýyp amerikan ussatlary Keýt Bass we Aaron Ýang bilen ikinji duşuşygy boldy.

Bu şadyýan agşam aýdymçylaryň we sazandalaryň tomaşaçylar bilen döredijilik we duýgy-medeni toplumynyň ýene bir baýramy boldy hem-de özara minnetdarlyga hem-de ruhy joşgunlyk güýjüni paýlaşmaga mümkinçilik döretdi.

Ilkinji duşuşyk şu ýylyň 10-njy fewralynda, ol hem Mukamlar köşgünde üstünlikli geçirilipdi.Onda türkmen wokalçylary we Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri bilen myhmanlaryň bilelikdäki konserti guraldy.

Bu gezekki konserte Türkmenabat hem Mary welaýatlaryndan, çagalar-hor toparlary-da goşuldylar.

Konsertde Türkmenistan tarapdan konserwatoriýanyň talyplary we eýýäm tanymal aýdymçylar Döwran Şammyýew bilen Dünýägözel Begalyýewa çykyş etdiler. Şeýle hem ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgäri, köp sanly konsertlerde diňleýjileriň söýgüsini gazanan Maýsa Nyýazowa, Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň kamera hory, Marynyň a'csppella "Owaz" aýdym-saz topary gatnaşdylar.

Dabarany ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu S. Klimou açdy. Ýöne onuň çykyşy Broadway şowhunçysynyň çykyşyna meňzeýärdi, bu ýagdaý diňleýjileri şatlykly ýagdaýa getirdi.

Dabaraly agşamda belli Broadway sazlarynyň dürli hitlerinden on bir sanysy ýerine ýetirildi.

Konsert Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan, 1975-nji ýyla degişli "Çikago" ("Chicago") mukamy, 2002-nji ýylda bolsa şol ady göterýän filmiň sazy bilen açyldy.

Şondan soň Riçard Rodgersiň 1957-nji ýylda döreden "Sazyň owazy" (The Sound of Music") atly meşhur toplumyndan, Keýt Bass bilen Aaron Ýang horuň gatnaşmagynda, "My Favorit Things" ("Meniň eý görýän zatlarym"), "Do-Re-Mi" we "Edelweiss" atly üç kompozisiýany ýerine ýetirdiler.

Bu saz eserleri 1965-nji ýylda düşürilen film arkaly uly ýaşdaky tomaşaçylaryň gowy ýadynda bolsa gerek.Bu mýuzikl, ýagny aýdym-sazly teatrlaşdyrylan, sungatyň köp bölegini özünde utgaşdyrýan sahna Maria fon Trappyň ömür ýolunyň mysalynda esaslandyrylypdyr.

Aýdym-sazly sahna Ikinji Jahan urşunyň öňüsyrasynda, Awstriýanyň Salbzurg şäherinde geçen wakany ýatladýar.

Tim Minçiniň gudratly güýçlere eýe bolan gyz baradaky "Matilda" fantaziýa-mýuzilk eserinden "When I grow up" ("Men ulalanymda") sahnasyny aýdymçylar toparynyň üç solisti ajaýyp, sazlaşykly we ynamly ýerine ýetirdiler.

Olaryň yzyndan Alan Menkeniň "The Little Mermaid” ("Kiçijik Rusalka") aýdym-sazly sahnasyndan, 4 bölegi Maýsa Nyýazowa (iki aýdym), Döwran Şammyýew we aýdymçylar topary ýerine ýetirdiler.

Riçard Rodgersiň "Cinderella" ("Zoluşka") atly sazly-eserinden iki bölüm Keýt hem Aaron Ýang tarapyndan görkezildi.

Diňleýjiler üçin ýakymly pursat Elzynyň 2013-nji ýylda çykaran "Let it go" (“Goýber, gitsin”) Disneý filminden we 2017-nji ýylda Broadwayň sazly-sahnaly "Frozen" (“Sowuk ýürek”) atly aýdym-sazly eserini Marynyň a'csppella "Owaz" aýdymçylar toparyndan, ýedi gyz ýerine ýetirdiler.

Ol çykyş toparyň ýolbaşçysy Wepa Aşyrow tarapyndan düzülipdir.Kompozitorlar maşgalasy, är-aýal Robert Lopez we Kristen Anderson-Lopez tarapyndan döredilen ol aýdymy dünýäniň söýülýän hitleriniň birine öwrüldi.

Döwran Şammyýew Suini Toddyň "Green Finch and Linnet Bird" ("Ýaşyl saýrak guş we Goňurbaş") aýdymyny aýdyp berdi. Ol köne Londondaky Flitta köçesinde ýerleşen ganhor dellek baradaky gorkunç aýdym operasyndan bolup, gorkunç sazly sahnada, gan derýa ýaly akýan bu eser Stiwen Stondheimiň sazy esasynda, 1979-njy ýylda goýlupdy.

Robert we Riçard Şermanyň "Mary Poppins" sazyndan üç parçany Keýt Bass bilen Aaron Ýangyň gatnaşmagynda, aýdymçylar toparyndan Selbi Joraýewa we Nazar Reýimow aýtdylar. Munuň özi doly manysyndaky sazly teatrlaşdyrylan çykyş boldy.

Maýsa Nyýazowa Andreas Loýd Webberiň 1987-nji ýylda döreden "Cats" ("Pişikler") meşhur sazly-kompozisiýasyndan, Grizabella pişigiň "Memory" ("Hatyra") aýdymyny aýtdy.

Dünýägözel Begaliýewa "Tink of me" ("Men barada pikir") sazly sahnadan aýdym aýdanda, Döwran Şammyýew zalyň gapdal gapysyndan, "alamat" hökmünde, aýdym bilen peýda boldy.

Konsertiň jemleýji böleginde, solist bilen wokalçylar bilelikde, türkmen kompozitor Weli Ahmadowyň "Gözüm düşdi" atly wals aýdymyny ýerine ýetirdi. Konsert agşamy "Happy New Year" ("Bagtly Täze ýyl") aýdymy bilen tamamlandy.

Amerikan aýdymçylarynyň ikinji gezek sapar bilen gelip, Aşgabatda geçiren bilelikdäki konserti üç gezek gaýtalandy. Mundan öň Maryda (8-nji dekabrda) we Türkmenabatda (11-nji dekabrda) konsert bilen çykyş etdiler. Myhmanlar öz saparyny ussatlyk sapaklaryny geçirmek bilen jemlediler hem-de türkmen sazandalary bilen seminar geçdiler. Ýaşlar özlerine gowy öwredilen ussatlyk sapaklaryny sahnada görkezdiler.

Bu ajaýyp aýdym-saz agşamynyň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara tomaşaçylar ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda brodweý sazlary ýerine ýetirildi
Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, Aşgabatda meşhur Brodweý sazlary ýaňlanar, Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäre geçiriler
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Amerikaly Esger Gazadaky Gyrgynçylyga Özüni Ýakmak Bilen Garşylyk Görkezdi
“Çarwadarlaryň mekany” iň gowy drama, “Borat 2” iň gowy komediýa