Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, Aşgabatda meşhur Brodweý sazlary ýaňlanar, Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäre geçiriler

Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, Aşgabatda meşhur Brodweý sazlary ýaňlanar, Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäre geçiriler

1. Bäşimowa Mähri Hojamgulyýewna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

2. 10-njy fewralda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde meşhur Brodweý sazlaryndan eserler boýunça konsert geçiriler. Konsert amerikan artistleri we pedagoglary Keýt Bassyň we Aaron Ýangyň türkmen paýtagtyna 10 günlük saparynyň çäklerinde ABŞ-niň Aşgabatdaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan bilelikde gurnalar.

3. 26-27-nji aprelde Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin Halkara roud-şou dabarasy geçiriler. Bu çärä öňdebaryjy milli we halkara energetika kompaniýalary, şeýle hem diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde nebitgaz pudagynyň geljegini kesgitlejek hünärmenler gatnaşarlar.

4. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Bagtyýarlyk ylalaşylan zolagynda geologiki gözlegleri geçirmegi meýilleşdirýär.

5. 2023-nji ýylyň başyndan bäri Rosselhoznadzor Moskwa sebitine Türkmenistandan getirilen 5 müň tonna ter pomidoryň karantin fitosanitar gözegçiligini amala aşyrdy. Häzirki wagtda Türkmenistan Russiýany pomidor bilen esasy üpjün ediji bolup durýar we her ýyl türkmen kärhanalary bu ugurda eksporty artdyrýarlar.

6. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitap sergisi açyldy. Kitap sergisi bilen ilkinji bolup Farap şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary hem-de ýokary synp mekdep okuwçylary tanyşdylar.

Dünýäde

7. Uzbekistan Airways döwlet awiakompaniýasy tomusky uçuş tertipnamasynda Daşkentden Milana we Pariže howa gatnawlaryny dikelder. Iki ugur boýunça uçuşlar sişenbe we anna günleri amala aşyrylar. Daşkentden Milana ilkinji uçuş 2023-nji ýylyň 28-nji martynda, Pariže bolsa 31-nji martda amala aşyrylar.

8. Maýkl Jeksonyň durmuşy barada biografik film surata düşüriler. Filmde baş keşbi onuň ýegeni Jafar Jekson janlandyrar. Maýkl diýlip atlandyrylan täze film Lionsgate studiýasynda surata düşüriler. Jafar Maýklyň doganlarynyň biri we Jeksonlaryň The Jackson 5 atly maşgala ansamblynyň agzasy Jermeýn Jeksonyň ogludyr.

Sport habarlary

9.Iň soňky gezek Ahal toparynda çykyş eden türkmen hüjümçisi Süleýman Muhadow oýun karýerasyna täzeden başlap biler.Muhadow erkin agent hökmünde Täjigistanyň çempionatynyň Hujand topary bilen şertnama baglaşyp biler.

Süleýman Muhadow Olimp sport mekdebini tamamlan, ozal meşhurlyk gazanan türkmen hüjümçisi Çaryýar Muhadowyň ogly.Muhadow 2014-nji ýylda Aşgabadyň HTTU toparynyň düzüminde AFK-nyň Prezidentiniň kubogyna eýe boldy, ýaryşyň iň gymmat oýunçysy we iň köp gol salan oýunçysy diýlip ykrar edildi.

10. Futbolçy Serdar Azmun Baýeriň düzüminden çykyp biler. Sky Sport Italy-nyň italýan habarçysy Fabrisio Romanonyň bellemegine görä, Fransiýanyň Olimpik Marsel topary hüjümçini satyn almak barada gepleşiklere başlady. Marsel hüjümi güýçlendirmek üçin diňe iki-üç oýunçyny göz öňünde tutýar.

11. Angliýanyň Çelsi topary Portugaliýanyň Benfika toparynyň ýarymgoragçysy Enso Fernandesi satyn aldy. 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň iň gowy ýaş oýunçysynyň transferi üçin Londonyň topary APL üçin rekord bolan 121 million ýewro töledi. Bu möwsümde 22 ýaşly argentinaly Portugaliýanyň çempionatynda 17 duşuşyga çykdy we bir pökgi geçirip, 5 gol pasyny berdi.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Ýylyň adamy saýlandy
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (37-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (36-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (35-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (34-nji bölüm)