Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar

Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek bäşinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

2. 17-nji sentýabrda Moskwada Nury Halmamedow adyndaky Dutaryň sesi halkara festiwalynyň bagyşlanan konsert geçiriler. Konserte emin agzalary we festiwalyň dürli ýyllardaky ýeňijileri gatnaşarlar.

3. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi Türkmenistana hoşallyk hatyny iberdi. Hatda tebigy hadysa zerarly ejir çeken Primorskiý kraý sebitinde ýaşaýan çagalara Türkmenistanyň iberen ynsanperwerlik kömegi üçin çuňňur hoşallyk beýan edilýär. Hoşallyk hatynda dostluk we birek-biregi goldamak ruhundaky bu kömege russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşany hökmünde garalýandygy nygtalýar.

4.Beýik Pýotr (Pýotr Welikiý) gämisi geljek ýyl Hazar deňzinde gezelençleri amala aşyryp başlar.Gämi bu gezelençleriň çäginde Baku, Aktau, Türkmenbaşy we Mahaçkala portlaryna barar.Gämidäki ýolagçylara restoranlar, spa-salonlary, sport zallary, howuz we sauna elýeterli bolar. Ýüzýän myhmanhanada 310 orunlyk jemi 155 kaýuta bar.

Gäminiň gurluşygy sebitdäki deňiz syýahatçylygy üçin möhüm waka öwrülmek bilen, Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat eder.

5.Kazan şäheriniň Syýahatçylyk boýunça komiteti bilen Türkmenistanyň Baş konsullygynyň bilelikde guramagynda geçirilen Tagamly Kazan festiwalynyň çäklerinde türkmen milli palawyny bişirmek boýunça ussatlyk sapagy boldy.Palawyň türkmen aşhanasynyň ähli düzgünlerine laýyklykda bişirilendigi bellenýär, festiwala gatnaşyjylar we myhmanlar bu naharyň tagamyna ýokary baha berdiler. Şeýlelik bilen, bu çäre Kazanyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň Türkmenistanyň milli aşhanasy bilen tanyşmagyna hem-de ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşdy.

6. Uly syýahat maksatnamasynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Russiýanyň Döwlet akademiki Kiçi teatry Türkmenistana geler. Kiçi teatr 18 22-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanda çykyş eder. Topar Anton Çehowyň oýunlary esasynda iki sany spektakly görkezer: Ülje bagy we Nika. Bu eserler Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahnasynda görkeziler.

Dünýäde

7.Singapurda pişiklere we olaryň eýelerine dynç alyşlaryny bilelikde geçirmegiň täze usuly hödürlenýär: deňiz gezelenjine çykmak. 47 metrlik gämide öý haýwanlary oýun oýnap, beýleki haýwanlar bilen aragatnaşyk gurup we deňziň keşbinden lezzet alyp bilerler. Ýeri gelende bellesek, Singapurda indi iki ýyl bäri itler üçin deňiz gezelençleri meşhurdyr.

Guramaçylar bu üstünlikleri gaýtalamak kararyna geldiler we pişikler üçin deňiz syýahatyny ýola goýdular.

8. Aýdymçy Şakira latyn amerikaly artistleriň içinde ilkinji bolup Maýkl Jekson adyndaky baýragy alar. Dabara 12-nji sentýabrda geçiriler. Ondan öň Maýkl Jekson adyndaky baýraga Beýonse, Nikki Minaž, Madonna, Jennifer Lopes, Rianna, Jastin Timberleýk we beýleki aýdymçylar eýe bolupdy.

9. Astanada The Spirit of Astana atly häzirki zaman etniki aýdym-saz festiwaly geçirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna Özbegistandan, Ysraýyldan, Wengriýadan we Gruziýadan iň gowy etnik aýdymlaryny ýerine ýetirijiler geldiler.

Sport habarlary

10. 4-nji sentýabrda Aşgabatda erkekler we zenanlar toparlarynyň arasynda basketbol boýunça ýurduň nobatdaky çempionaty başlanar. Ýaryşa alty topar Türkmenistanyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň toparlary gatnaşar. Çempionat aýlaw ulgamynda geçiriler. Birinji tapgyry 4-nji sentýabrda başlamak meýilleşdirilýär. Ýaryşyň finaly 9-njy sentýabrda geçiriler. Bäsleşigiň netijelerine görä, erkekler we zenanlar toparlarynyň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionlary kesgitlener.

11. Halkara thekwondo federasiýasy ITF-niň Kongresinde Russiýanyň thekwondo federasiýasy ITF-ni bu sport görnüşi üçin Aziýa konfederasiýasynyň agzalaryna kabul etmek kararyna gelindi. Meýilnamalara görä, eýýäm 2024-nji ýylda Russiýanyň topary Hindistanda geçiriljek Aziýa çempionatyna we Özbegistanda Halkara söweş sungaty çempionatyna gatnaşar.

12. Belgiýaly hüjümçi Romelu Lukaku ýene-de kärendesine berildi, bu gezek ony Italiýanyň Roma topary kärendesine aldy. Rimliler Lukakuny Çelsiden bir möwsümlik kärendesine alyp, Londonyň futbol toparyna 5,8 million ýewro tölediler. Žoze Mourinýonyň toparynda Lukaku toparyň täze oýunçysy Serdar Azmun bilen bilelikde hüjümde özüni görkezip biler.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň adamy saýlandy
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (38-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (37-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (36-njy bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (35-nji bölüm)
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (34-nji bölüm)